Ýur­du­my­zyň tä­ze ta­ry­hy döw­rü­niň her bir gü­ni aja­ýyp wa­ka­la­ra, şat­lyk­ly pur­sat­la­ra bes­len­ýär. Ýur­du­my­zy tä­ze ösüş­le­re alyp bar­ýan mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gel­je­gi na­zar­la­ýan uly Mak­sat­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan döw­let­li mas­la­hat, ýag­ny Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si ge­çi­ri­ler. Bu mej­lis­de döw­le­ti­mi­zi gel­jek 30 ýyl­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça ta­ry­hy çöz­güt bo­lan «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edi­ler.
Ata Wa­ta­ny­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­na ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ görüldi. On­da ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, şan-şöh­ra­ty­ny has-da ar­şa gö­ter­mek, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let­li mas­la­hat edil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Türk­me­nis­tan be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň gys­ga ta­ry­hy döw­rün­de bü­tin dün­ýä­de be­lent at-ab­ra­ýa we mer­te­bä eýe bo­lan öz­baş­dak döw­le­te öw­rül­di» di­ýen söz­le­ri bi­ziň her bi­ri­mi­ziň ata Wa­ta­ny­my­za bo­lan buý­san­jy­my­zy has-da art­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bäs­le­şi­ge ukyp­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
«Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edin­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz her bir tu­tum­ly işi­ni hal­ky­myz bi­len ge­ňe­şip ed­ýär. Halk Mas­la­ha­ty halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bol­mak bi­len, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de halk bi­len ge­ňeş­mek – Halk Mas­la­hat­la­ry­ny yzy­gi­der­li ge­çir­mek in­di dä­be öw­rül­di.
Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, giň gerim­li kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de hem ýur­du­my­zyň döw­let gur­lu­şyn­da tä­ze ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra – Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­di. Kons­ti­tu­si­ýa­my­za gi­ri­zi­len üýt­get­me­le­re we goş­ma­ça­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi ha­kyn­da» Ka­nun ka­bul edil­di. Şu Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da iki pa­la­ta­ly par­la­ment dö­re­dil­ýär. Onuň dö­re­dil­me­gi döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­ny mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga, hu­kuk we dün­ýe­wi esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge, hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Umu­man, bu gün türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy mi­ra­sy­na, döw­let gur­mak tej­ri­be­si­ne, onuň sy­ýa­sy we hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­ne esas­lan­ýan döw­let­li­li­gi­niň hä­zir­ki za­man nus­ga­sy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi hem-de ös­dü­ril­me­gi hormatly Prezidentimiziň ady hem-de be­ýik iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­sin­de ka­bul edil­jek ta­ry­hy çöz­güt­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de pa­ra­hat dur­mu­şy ba­ra­da ala­da ed­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bo­lar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­mu­şa atar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri il­deş­le­ri­mi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Milli Liderimiziň wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň be­lent nus­ga­sy­na ýug­ru­lan «Jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» at­ly goş­gu­syn­da­ky:

Be­ýik döw­let, eziz ül­ke, dog­duk de­pe, as­ly me­kan,
Äh­li­je­si se­niň özüň, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!
Ke­rem­li­dir ene top­rak, ke­ra­mat­dyr ma­wy as­man,
Eder­men­dir ogul-gy­zyň, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!

– di­ýen se­tir­ler ag­zy­bir, ru­hu­be­lent hal­ky­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri­niň, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik mak­sat­la­ryň has-da ro­waç al­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­jek Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi ro­waç bol­sun! «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş şy­ga­ry ýö­rel­ge edi­nýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Göw­her DA­ŇA­TA­RO­WA,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky 26-njy or­ta mek­de­biň baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my.