Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da uçarlaryň, di­ku­çarlaryň we gä­mi­leriň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri hem ön­dü­ril­ýär. De­mir ýol ulag­la­ry­nyň hem aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­ler bi­len he­re­ket ed­ýän gör­nüş­le­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. «Pa­ral­lel Sys­tems» at­ly kom­pa­ni­ýa bol­sa, ýa­kyn gel­jek­de ma­şi­nist­siz he­re­ket edip bil­ýän, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýük ulag­la­ry­ny ön­dü­rer. Bu ulag­lar 10-dan 50-ä çen­li wa­go­ny çe­kip bi­ler. Kom­pa­ni­ýa hä­zi­re çen­li iki sa­ny de­mir ýol ula­gy­ny ön­dü­rer.
Bi­ler­men­ler aras­sa ýan­gyç­ly ot­lu­la­ryň di­ňe çyk­da­jy­la­ry azalt­man, eý­sem, ada­ty ýan­gyç­ly ot­lu­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da te­bi­ga­tyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­na hem go­şant goş­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu bol­sa, adam­la­ryň sag­ly­gy üçin hem peý­da­ly bo­lar.
Go­laý­da ABŞ-da ba­ta­re­ýa­ly ot­lu­la­ryň 20 sa­ny­sy Ka­li­for­ni­ýa­da we Neb­ras­ka­da ulan­ma­ga ber­lip­di. «Wab­tec» we «Prog­ress Ra­il» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ön­dü­ren bu ulag­la­ry 104 ton­na ýük çe­kip bil­ýär. «Wab­tec» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri de­mir ýol ula­gy­nyň ba­ta­re­ýa­sy­nyň «Tes­la Mo­del 3»-den 100 es­se köp ener­gi­ýa sak­la­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip­di.