“Ingenuity” dikuçary şu ýyla geçip, ilkinji we 19-njy gezek Marsyň üstünden uçup geçdi. Bu barada NASA-nyň reaktiw hereketler barlaghanasy habar berdi.
Marsyň atmosferasynda emele gelen tozan sebäpli birnäçe gezek gijikdirilen uçuşdan soň, 2022-nji ýylda Mars dikuçarynyň ilkinji uçuşyny amala aşyrmagyň wagty geldi” diýlip, barlaghananyň “Twitter”-däki beýanatynda bellenilýär. NASA-nyň maglumatlaryna görä, “Ingenuity” 100 sekunt howada galyp, 62 metr aralygy geçdi.
Dikuçar Gyzyl planetada bolmagynyň bütin dowamynda eýýäm 19 uçuş amala aşyryp, jemi 4 km töweregi ýol geçdi. Onuň 9-njy uçuşy iň uzyny bolup, 625 metr geçdi. 2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Marsda ilkinji uçuş wagtynda dikuçar bary-ýogy üç metr ýokary galyp, 39 sekunt uçdy.
Diametri 1,2 metr, agramy 1,8 kg bolan “Ingenuity” enjamy, iki kamera bilen abzallaşdyrylyp, surata düşürmek üçin 20-30 sekuntlap howada durup bilýär. “Ingenuity” dikuçaryny özi bilen alyp giden “Perseverance” marsohody geçen ýylyň 18-nji fewralynda Gyzyl Planetanyň üstüne üstünlikli gondy. “Perseverance” NASA-nyň Gyzyl planetany öwrenmek üçin iberen bäşinji amerikan marsohodydyr.