Mobil enjamlary öndürmekde Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Xiaomi” täze 21-nji fewralda “Redmi 10” smartfony tanyşdyrar. Kompaniýa “Redmi 10”-yň 2022-nji ýyla degişli nusgasynyň geçen ýylyň sentýabrynda hödürlenen nusgasy bilen meňzeş boljakdygyny habar berdi. Smartfonyň 6,5 dýuým ululygynda ekrany bolup “MediaTek Helio G88” mikroprosessory bilen üpjün edilipdir. Wagtlaýyn ýadynyň göwrümi 4 GB ýa-da 6 GB, hemişelik ýady 64 GB ýa-da 128 GB. Telefonyň yz tarapynda 50MP, 8MP, 2MP we 2MP durulygynda surata düşürmäge mümkinçilik berýän dört sany kamera sensory bar. Mobil enjamyň selfi kamerasy 8MP durulygynda surata alýar.