“Skype”-yň soňky täzelenmesi 41 dile terjime edýär. “Microsoft”, “iOS” we “iPadOS”-da “Skype” üçin täzelenme çykardy. Täzelenme iki platformada programmany 8.80.1 nusgasy bilen birnäçe täze aýratynlyk getirýär. Ulanyjylar indi “Skype”-i terjime edilen gepleşikler üçin hem ulanyp bilerler. Häzirki wagtda “Skype”-da tekst habarlaryny terjime edip bolýar, ýöne bu aýratynlyk topar söhbetleri ýa-da toparlaýyn jaňlarda elýeterli däl. “Skype”-yň täze nysgasynda gepleşilýän wagtda bada-bat terjime hem elýeterlidir.