16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.

Dip­lo­mat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şu­ryp, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di. Baş sek­re­tar ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly bar­ýan Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan bi­len köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na özü­niň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni be­ýan et­di.
Du­şu­şyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan oňyn da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­niň, onuň äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga gö­nük­di­ril­me­gi­niň köp ba­bat­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni kes­git­län­di­gi aý­ra­tyn nyg­tal­dy. BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş eda­ra­sy­nyň Aş­ga­bat­da açyl­ma­gy hem-de türk­men paý­tag­tyn­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li bi­le­lik­dä­ki we­kil­çi­lik­li mas­la­hat­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi bil­di­ril­ýän uly yna­myň hem-de hor­ma­tyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li Na­ri­ne Sa­ak­ýa­ny ýur­du­myz­da işe baş­la­ma­gy bi­len gut­lap, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na iň oňat ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Bu gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­lyk da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­na ga­ral­dy, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge hem-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ga­za­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri do­wam et­me­giň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny mil­li de­re­jä la­ýyk ge­ti­ren il­kin­ji döw­let­le­riň bi­ri­dir.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da 2021–2025-nji ýyl­lar döw­ri üçin hyz­mat­daş­ly­gyň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň, san­ly­laş­dyr­ma­gyň, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, sag­ly­gy go­ra­ýyş, dur­muş go­rag­ly­ly­gy, adam hu­kuk­la­ry hem-de en­çe­me beý­le­ki me­se­le­le­riň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ry­na çy­ka­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň he­mi­şe­lik we­ki­li pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Prezidentimizi we türk­men hal­ky­ny gel­jek 30 ýyl üçin Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň tä­ze Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy.
Si­ziň ýur­du­ňyz BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­na, bi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy­my­za he­mi­şe bil bag­lap bi­ler. Biz hal­ka­ra gu­ra­ma hök­mün­de Türk­me­nis­ta­na dün­ýä tej­ri­be­si­ni we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry çek­mä­ge şat bo­la­rys di­ýip, dip­lo­mat ynan­dyr­dy.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň he­mi­şe­lik we­ki­li Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň soň­ky dö­wür­de ep-es­li de­re­je­de ösen dep­gi­ni­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­tap, döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän iş­jeň or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Dür­li ul­gam­lar­da ama­la aşy­ry­lan bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hä­zir ga­raş­syz ösüş ýyl­la­ryn­da pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik ba­bat­da örän uly tej­ri­be top­lan Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösü­şe, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar hem-de se­bit we umu­my­dün­ýä hä­si­ýet­li döw­rüň mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň en­çe­me­si­ni öňe sür­ýär. Şol baş­lan­gyç­lar hor­matly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den yzy­gi­der­li be­ýan edil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz türk­men ta­ra­py­nyň Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý­la­ry dur­nuk­­laş­dyr­mak, dün­ýä­de ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, se­riş­de­le­ri oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly adam­za­dyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne gö­nü­den-gö­ni de­giş­li bo­lan baş­lan­gyç­la­ry­ny BMG-niň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň ab­raý­ly gu­ra­ma­nyň de­giş­li eda­ra­la­ry we dü­züm­le­ýin bö­lüm­le­ri bi­len ýa­kyn­dan gat­na­şyk edip, hal­ka­ra dur­mu­şyň äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi bo­ýun­ça aç-açan pi­kir alyş­ma­ga mun­dan beý­läk-de örän iş­jeň gat­naş­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz jo­gap­kär­li hem-de mö­hüm işin­de Na­ri­ne Sa­ak­ýa­na üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, Türk­me­nis­ta­nyň we BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­de has-da iş­jeň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne pug­ta ynam bil­dir­di.
BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li päk ni­ýet bi­len ak ýol ar­zuw eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, umu­my bäh­bit­le­re ky­bap gel­ýän däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy ýyl-ýyl­dan bar­ha ber­kit­mek hem-de ony ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kar­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ynan­dyr­dy.
Men bu ýer­de mun­dan 10 ýyl ozal hem iş­läp­dim we bu gün myh­man­sö­ýer Türk­me­nis­ta­na tä­ze de­re­je­de, öýü­mi­ze ge­len ýa­ly duý­gy bi­len gaý­dyp gel­dim di­ýip, dip­lo­mat nyg­ta­dy hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ze we tu­tuş türk­men hal­ky­na iň oňat ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.