Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 12-nji marta bellenilen Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreler dowam edýär.
11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durnukly we durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde örän uly kesgitleýji ähmiýete eýedigi nazara alnyp, ýaşlara milli döwlet bähbitli jogapkärli işler ynanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine degişlidir. Ýaýbaňlanan möwsümiň baş ýörelgesi türkmen jemgyýetinde onuň gadymy demokratik däplerini has-da pugtalandyrmagyň hökmany şerti hökmünde giň bäsdeşlik esasyndan ybaratdyr.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň
14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi.
14-nji fewralda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi.
Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Häzirki forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky teklibe garadylar.
Bu mesele boýunça pikir alyşmalarda Demokratik partiýanyň agzalary – guramanyň işjeňleri çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy A.Burunow, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy R.Işangulyýew we Lebap welaýat komitetiniň başlygy M.Dosmedow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew boldy.
Demokratik partiýanyň agzalarynyň çykyşlarynda öňde boljak saýlawlaryň düýbünden täze taryhy şertlerde geçiriljekdigi nygtaldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda örän uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädimler ädildi, durmuş-ykdysady ulgamlary ösdürmekde hem-de ruhy galkynyşy üpjün etmekde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli özgertmeler jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň hemme taraplaryny, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alyp, halkymyzyň doly goldamagyna we makullamagyna mynasyp boldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.
Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Halkara gatnaşyklar boýunça hem hünärmen bolmak bilen, ol zähmet ýolunda Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp barmakda baý tejribe toplady.
Gurultaýa gatnaşyjylar ýolbaşçy wezipede bitiren hyzmatlaryny, iş tejribesini, belent işjeňlik hem-de ahlak häsiýetlerini belläp, ony ýurdumyzyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek barada çözgüt kabul etdiler.
Çykyşlar tamamlanandan soň Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bildirilen ynam üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigini hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger, özüniň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman, Watanymyz, halkymyz üçin, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimizi täze döwürde ösüşlere we galkynyşlara beslenen ýurda öwürmek ugrundaky tagallalar bolar diýip Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň ýokary mekdebiniň, halk häkimiýetiniň ösdürilmeginiň ýene-de bir hakyky dabaralanmasy boljakdygyna ynam bildirdi.
15-nji fewralda döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy we oňa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.
Şol gün Aşgabatda, Oba hojalyk toplumynyň binasynda ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi, onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi.
Gurultaýa gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirip pikir alyşmalarynyň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürlemek baradaky teklibe garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Agrar partiýanyň nobatdan daşary gurultaýyna gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada aýdan pikirleriniň möhümdigini bellediler.
Çykyş edenler A.Bekmyradowyň ýolbaşçylyk we guramaçylyk başarnyklaryny, onuň hormata mynasyp hünärini we şahsy häsiýetlerini bellediler.
Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.
Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, gurultaýa gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.
Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.
Öz nobatynda A.Bekmyradow üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
16-njy fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.
Ýokarda belleýşimiz ýaly Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Ozalkylary ýaly, açyklyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň esasy şerti bolup durýar.
Milli kanunçylyga we halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanynda olary maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat çärelerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.
Saýlaw möwsümine taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlary türkmen halkynyň mizemez bitewüligini, agzybirligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan we häzirki döwürde mynasyp derejede dowam etdirilýän demokratik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen äşgär eder.