Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň taryhynda täze döwrüň başlangyjy boldy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülen bu döwletli maslahatda kabul edilen taryhy çözgütler türkmen döwletini özüniň ösüşiniň täze döwrüne gadam basmagyna iterdi.
Bu ählumumy forumda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» belent maksatlara ýetmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.
Täze maksatnama döwletiň institusional ösüşine, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň senagat önümçiligine, maýa goýum syýasatyna, daşary söwda we haryt dolanyşygyna, umumy düşewüntlilige goşmaça itergi berer. Ýakyn geljekde ýurdumyzda ýene-de dünýä ülňülerine laýyk gurlan täze önümçilik we durmuş ugurly desgalaryň ýüzlerçesi peýda bolar, bar bolanlarynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylar. Şunda halk hojalygyny netijeli ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň köp babatda tutuş dünýäde öňe sürülýän «ýaşyl» ykdysadyýet başlangyjyny has-da ilerletmek göz öňünde tutuldy. Maksatnamada Gün, ýel we suw ätiýaçlyklaryndan peýdalanmak, sanlylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli strategiýanyň çäginde sanly ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk, oba hojalyk, dokma we ýeňil senagat, suw üpjünçiligi, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, innowasion we intellektual ösüş ýaly möhüm ugurlarynda serişdäni, wagty tygşytlamak hem-de daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiri azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreler bellenildi.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň esasynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda kabul edilýän gysga, orta we uzak möhletli maksatnamalar ýurdumyzy täze üstünliklere atarýar. Sanlyja ýyllardan uly möçberli maýalaryň netijeli özleşdirilmegi bilen obalaryň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň we iri şäherleriň, demir ýol beketleriniň, olara ýanaşyk ýerleriň keşbi düýpli özgerer. Tapawutlandyryjy alamatly toprak-howa şertlerimize laýyklykda, welaýatlarda, etraplarda kämil innowasion tehnologiýalar esasynda galantereýa ugurly tebigy ýüpegi, derini, ýüňi gaýtadan işleýän senagaty ýola goýmak, azyk garaşsyzlygyny bökdençsiz üpjün etmek bilen bagly ýylboýy ekerançylygy, maldarçylygy, senagat esasly guşçulygy, integrirlenen balyk önümçiligini ösdürmek meýilleşdirilýär.
Halk Maslahatynda özüniň maksatnamalaýyn çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi. Ýurdumyzda gurluşygy giň gerimde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde we gurulmagy göz öňünde tutulýan «Aşgabat-sitide» gurlan ilkinji jaýlaryň eýeleriniň halkymyz boljakdygy, geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýüniň ýa-da jaýynyň boljakdygy barada bellenilmegi ähli raýatlarymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz energetika, ulag, agrar pudagy, tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly adaty ugurlarda ählumumy bäsleşikde artykmaçlygy berkitmek we giňeltmek, oba hojalygyny düýpli özgertmek bilen Türkmenistany azyk önümlerini beýleki döwletlerden getirýän däl-de, tersine, bu önümleri beýleki döwletlere iberýän ýurda öwürmek babatda giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň: «Biziň täze syýasy we ykdysady ugrumyz ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir» diýen parasatly jümleleri türkmen ýaşlaryny täze işlere ruhlandyrdy.
Milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ýaşlara bolan beýik ynamyny ýene-de bir gezek nygtamagy ýaşlaryň diňe bir geljegimiz däl, eýsem, şu günümiz bilen hem berk baglanyşyklydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler-ösüşler beýik maksatlary nazarlaýar. Bu bolsa halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýokary ösüşi bolan kuwwatly döwletde amal edilýän beýik işlerdir.
Ogulsona GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.