Artykmaç agram birnäçe nähoşluklara sebäp bolup bilýär. Lukmanlar kadaly agramda bolmak üçin birnäçe maslahatlary berýärler. Agramyň kadaly ýa-da artyk bolmagy köplenç gündelik endiklerimiz bilen baglydyr. Şol sebäpli gowy endikleri edinmek arkaly sagdyn we görmegeý syrata eýe bolmak mümkin. Berilýän maslahatlara görä, ilki bilen her günde näçeräk kaloriýaly zat iýýändigimize üns bermeli. Gereginden artyk iýmitlenmek semizlige sebäp bolýar. Iýilýän zatlaryň kaloriýasy barada azda-kände habarly bolmak kem däl. Ir bilen limonly suw içmek hem bedeniň metabolizmini, ýagny madda alyş-çalşygyny artdyrýar. Bu bolsa bedendäki toksinleri, ýagny zyýanly maddalary aýyrmaga ýardam edýär. Günüň dowamynda bir wagtyna diňe miwe we gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlary ýa-da ýeňilräk tagamlary iýmegi endik ediniň. Bu hem siziň artykmaç agramdan saplanmagyňyza ýardam eder. Şeýle hem işdäaçar iýmit siňdirişi aňsatlaşdyrýar.
Maral HYDYROWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki dispanser-gözegçilik bölüminiň müdiri.