Şertnama gol çekse, taryhdaky iň köp aýlykly futbolçy bolar

163

Tomusda PSŽ bilen şertnamasy tamamlanýan ýyldyz futbolçy Kilian Mbappeni parižliler klubda alyp galmak üçin ähli tagallany edýär. Köplerine görä eýýäm Real Madrid bilen şertnama baglaşan ýa-da baglaşmagyň bosagasynda duran Mbappe üçin PSŽ topary täze şertnama taýýarlaýar. Şertnama laýyklykda ol eger-de PSŽ bilen ylalaşsa hepdede 1 million ýewro möçberinde hak alar. Bu bolsa Mbappe futbolyň taryhyndaky iň köp hak alýan futbolçy bolar. 23 ýaşyndaky ýyldyz futbolçy şu möwsümde PSŽ-niň düzüminde 32 resmi duşuşykda 22 gol geçirip, 16 asistlik netije görkezdi.