20-nji fewralda Efiopiýada Nil derýasynyň üstünde gurlan äpet gidroelektrik stansiýasy (GES) ulanmaga berildi. “Efiopiýanyň Beýik Galkynyş bendi” diýlip atlandyrylan özboluşly megataslamanyň turbinalary Premýer-ministr Aby Ahmed tarapyndan işe girizildi.
Efiopiýanyň hökümeti bu taslama 1,98 milliard dollardan gowrak maýa goýdy we doly tamamlanandan soň onuň bahasy 5 milliard dollara deň bolar. “Efiopiýanyň Beýik Galkynyş bendi” Afrika yklymyndaky 5150 MWt elektrik energiýasyny öndürýän iň uly gidroelektrik desga bolup, onuň bir bölegi goňşy ýurtlara eksport ediler.
Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Efiopiýanyň goňşulary Sudanda we Müsürda çynlakaý aladalary döredýär. Çünki bu ýurtlar bu suw howdanynyň Nil derýasynyň aşaky akymynda suw ýetmezçiligine sebäp bolmagyndan ätiýaç edýärler.
Premýer-ministr Abiý Ahmed goňşy ýurtlaryň bähbitlerine zyýan bermek islemeýändigini aýdyp şeýle diýdi:
– Efiopiýanyň esasy wezipesi garaňkylykdan ejir çekýän ilatymyzyň 60 göterimine ýagtylyk paýlamakdan, arkalary bilen odun daşaýan enelerimizi agyr zähmetden dyndarmakdan ybarat. Meniň pikirimçe bu taslama ýurduň ykdysady ösüşiniň açary bolar.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Efiopiýa Afrika yklymynda ikinji ýerde elektrik togunyň ýetmezçiliginden kösenip, 110 million ilatyň üçden iki böleginiň elektrik energiýasyna yzygiderli elýeterliligi ýok.