Ýewropa Geňeşi syýahatçylyk çäklendirmelerini ýatyrmaga çagyrdy. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara berilen bu maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň we BSGG-nyň ykrar eden “Covid-19” sanjymyny alanlaryň we koronawirus keseli ýokaşyp, sagalanlaryň syýahatçylyk we beýleki maksatlar üçin ediljek ähli syýahatlara rugsat edilmelidigi aýdylýar. Geňeş täze düzgüniň 1-nji martdan ýola goýulmalydygyny aýtdy. Täze düzgüne görä Ýewropa ýurtlaryna gidilende koronawirusa garşy soňky sanjymyň 14 gün öň edilen bolmagy talap ediler. Şeýle hem sanjymdan soňra 270 günden köp wagt geçmedik bolmaly. Şeýle hem syýahatdan 72 sagat ozal alnan otrisatel netijeli test hem talap edilip bilner. BSGG-nyň ykrar eden sanjymlary: “AstraZeneca”, “Johnson and Johnson”, “Moderna”, “Pfizer/BioNTech”, “Sinopharm”, “Sinovac”, COVAXIN, “Covovax” we “Nuvaxovid”.
Ýewropa Bileleşigi bolsa, “AstraZeneca”, “Johnson and Johnson”, “Moderna”, “Pfizer/BioNTech” we “Nuvaxovid” sanjymlaryny ykrar edýär.
6-18 ýaş aralygyndaky çagalardan hem ululardan talap edilýän şertler talap ediler. 6 ýaşdan kiçiler bolsa soňky 72 sagadyň dowamynda alnan otrisatel netije soralar.