23-nji fewralda irden Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy D.Atamedow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiri Ç.Sylapowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony syýasy taýdan sowatly, zähmetsöýer we göwnaçyk, mugallymçylyk işinde hem-de ýaş nesilleri terbiýelemekde, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, ylmy-barlag işlerine höweslendirmekde ýeterlik tejribe toplan adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Bu maksatnama täze eýýamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmelerini dowam etdirmäge gönükdirilendir. Olar halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyryp, ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etdi hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hil taýdan täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi.
Dalaşgär durmuşyň ähli ulgamlaryna ylmy-tehniki innowasiýalary giňden ornaşdyrmagy, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmagy, medeniýet, sport, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, täze, döwrebap mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeni, saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, stadionlaryň hem-de sport mekdepleriniň, awtomobil ýollarynyň, inženerçilik-tehniki kommunikasiýalarynyň gurluşyklaryny ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dowam etdirmegi döwleti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Kabul edilen döwlet maksatnamalaryny, şol sanda Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gurluşyk pudagyny ösdürmek, täze obalary we şäherleri, şol sanda “Aşgabat-sitini” gurmak boýunça ähli zerur çäreler görler.
Dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak meselelerine, dünýä ähmiýetli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.
H.Nunnaýew saýlawçylaryň energetika syýasaty, nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ýollary, ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek hem-de oba ilatynyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, sanly ulgamy ösdürmek baradaky sowallaryna jogap berip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, bildirilen belent ynamy ödemek üçin ähli güýç-gaýratyny, bilim-tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Bu ýerde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ruhubelent etrap geňeşiniň başlygy Ý.Atabaýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ýokary hünär derejesini we şahsy häsiýetlerini, guramaçylyk ukyplaryny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär ýygnananlara şu günki duşuşyga işjeň gatnaşandyklary üçin hoşallygyny beýan edip, olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bu maksatnama Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwlet hökmündäki derejesini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we söwdany, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda senagatyň ähli pudaklaryny, şol sanda himiýa we nebitgaz pudaklaryny ösdürmek, nebitiň hem-de gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberini artdyrmak, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ulgamlaryny kämilleşdirmek, kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak, dürli oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmak, ilatymyzy ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek babatda çäreler göz öňünde tutulýar.
Adam barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar, ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan ähli giň gerimli işler bolsa halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Dalaşgär öz maksatnamasynda ekologik abadançylygy üpjün etmäge, raýatlaryň saglygyny goramaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna saglygy goraýşyň netijeli ulgamyny döretmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilini we elýeterliligini üpjün etmäge, raýatlaryň zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge işjeň çekmäge aýratyn üns berýär.
M.Öwezgeldiýew ýygnananlaryň ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini hem-de netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, hemmetaraplaýyn bilimli, aň-paýhasly ýaş nesli we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli medeniýetimizi ösdürmek hem-de halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna aýawly garamak baradaky sowallaryna jogap berip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine halal we tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Duşuşyklarda çykyş eden saýlawçylar dalaşgärleriň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek hem-de Diýarymyzy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdiler.