Hytaýyň Günden alýan energiýasynyň mukdarynyň 2022-nji ýylda 75-90 gigawatt (GW) aralygynda artmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde Günden alynýan energiýanyň üýden bir bölegi bu ýurda degişli. Ýurt Gün beketleri üçin panelleri we beýleki enjamlaryň önümçiliginde hem öňdeligi eýeleýär. Geçen ýyl ýurtda hereket edýän Gün beketleriniň önümçilik kuwwaty 54,88 GW artyp, 306 GW-a ýetipdi. Hytaýyň Fotowoltaika senagaty assosasiýasynyň (CPIA) ýolbaşçysy Wan Bohua ýurduň Gün energiýasy önümçilik kuwwatyny 2022-2025-nji ýyllar aralygynda her ýylda ortaça 83-99 GW artdyryp biljekdigini mälim etdi.

Sülgün Mammedowa,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby