Se­na­gat­laş­ma­gyň art­ma­gy dün­ýä­de şä­her ila­ty­nyň kö­pel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Köp ýurt­da şä­her ila­ty iki gör­nüş­de kes­git­le­nil­ýär. Bi­rin­de di­ňe şä­her mer­ke­zi ha­sa­ba alyn­ýan bol­sa, beý­le­ki­sin­de şä­he­riň tö­we­rek­le­rin­dä­ki ilat hem ha­sap­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, iň köp ilat­ly şä­her­le­riň sa­na­wy bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly bo­lup bil­ýär. Go­laý­da 2021-nji ýyl­da­ky ila­ty­nyň sa­ny göz öňün­de tu­tu­lyp, şeý­le sa­naw taý­ýar­lan­dy. 10 şä­he­ri öz içi­ne al­ýan sa­naw taý­ýar­la­nan­da, yk­dy­sa­dy­ýet, me­de­ni­ýet, ilat we baş­ga-da bir­nä­çe se­bäp­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Bu sa­naw­da bi­rin­ji or­ny Hy­ta­ýyň Çun­sin şä­he­ri eýe­läp­dir. Şä­her­de 30 mil­li­on 751 müň­den gow­rak adam ýa­şa­ýar. Uly met­ro­po­lyň çä­gin­de aw­tou­lag, der­man se­na­ga­ty we beý­le­ki ugur­lar­da önüm­çi­li­gi ama­la aşyr­ýan 400-e go­laý za­wod bar. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň iň uzyn der­ýa­sy bo­lan Ýans­zy der­ýa­sy hem bu şä­he­riň için­den geç­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu uzyn der­ýa dür­li ýük­le­riň da­şal­ma­gyn­da hem peý­da­la­nyl­ýar. Bu der­ýa­nyň met­ro­po­lyň çä­gin­den geçýän böleginde 25 köp­ri gur­lup­dyr. Çun­si­niň meý­da­ny 82 müň 300 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr.
Hy­ta­ýyň iri port şä­her­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Şan­haý sa­naw­da ikin­ji or­ny eýe­läp­dir. Meý­da­ny 6 müň 340 ine­dör­dül ki­lo­met­re ýet­ýän bu şä­he­riň 24 mil­li­on 152 müň 700 ýa­şaý­jy­sy bar. Se­na­gat taý­dan ös­ýän iri se­bit­de soň­ky ýyl­lar­da iş orun­la­ry­nyň art­ma­gy bi­len bu şä­he­re köp adam gö­çüp ge­lip­dir. Ösen inf­rast­ruk­tu­ra dö­re­di­len şä­her­de met­ro bi­len ge­ze­lenç et­mek has amat­ly ha­sap­lan­ýar. Iň uly we iň köp ilat­ly şä­her­le­riň bi­ri bo­lan Şan­haý­da ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler, bi­na­gär­lik des­ga­la­ry we yba­dat­ha­na­lar bar.
Pa­kis­ta­nyň Ka­ra­çi şä­he­ri sa­na­wyň üçün­ji or­nu­ny eýe­läp­dir. Ilat sa­ny bo­ýun­ça uly şä­her hök­mün­de yk­rar edi­len se­bit 200 ýyl mun­dan ozal ba­lyk­çy­lyk şä­her­çe­si hök­mün­de esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Soň­ky ge­çi­ri­len ilat ýa­zu­wy­na gö­rä, Ka­ra­çi­niň ila­ty­nyň sa­ny 23 mil­li­on 500 mü­ňe ýe­tip­dir. Ila­ty­nyň çalt dep­gin­de ös­me­gi met­ro­po­lyň iş­jeň ös­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Pakistan uly göw­rüm­li da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çekmek üçin şä­her­däki sal­gyt­la­ry­ 10 gö­te­rim azalt­dy we gel­je­gi uly ma­ýa­dar­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­di. Bu şä­he­ri­ň çä­gin­de köp san­ly ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler we öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik des­ga­la­ry bar. Şeý­le hem bu şä­her köp­lenç ýa­şa­mak üçin iň ar­zan şä­her­le­riň sa­na­wy­na-­da gir­ýär.
Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin sa­naw­da dör­dün­ji bo­lup, 21 mil­li­on 705 müň ila­ty bar. Dün­ýä­niň iň uly şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Pe­kin­de ýaşaýjylaryň kö­pü­si tä­ze gur­lan «Si­heyuans» at­ly jaý­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Bu jaý­lar umu­my how­lu­sy­nyň bar­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Sa­na­wyň bä­şin­ji or­nu­ny Hin­dis­ta­nyň paý­tag­ty De­li şä­he­ri eýe­läp, onuň ila­ty­nyň sa­ny 16 mil­li­on 780 mü­ňe ýet­ýär. De­li şä­he­ri köp mil­let­le­riň we köp me­de­ni­ýet­le­riň jem­le­nen ýe­ri hök­mün­de bel­li­dir.
Dün­ýä­niň al­tyn­jy uly şä­he­ri bo­lan La­go­syň umu­my ila­ty 15 mil­li­on 119 mü­ňe ba­ra­bar­dyr. Ni­ge­ri­ýa­nyň bu şäherinde ila­tyň gür­lü­gi ýo­ka­ry gör­ke­zi­jä eýe bo­lup, her ine­dör­dül ki­lo­met­re 17 müň adam düş­ýär. Da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ştab-kwar­ti­ra­la­ry, ab­raý­ly egin-eşik brend­le­ri, ofis­ler, söw­da we güý­men­je mer­kez­le­ri hut şu se­bit­de ýer­le­şip, dün­ýä­niň iň uly, ösen şä­her­le­ri­niň ha­ta­ry­na gir­me­gi ba­şar­dy.
Dün­ýä­niň iň uly şä­her­le­ri­niň sa­na­wyn­da Tür­ki­ýä­niň Stam­bul şä­he­ri hem bar. Sa­na­wyň ýe­din­ji or­nu­ny eýe­le­ýän met­ro­po­lyň 15 mil­li­on 30 müň ila­ty bar.
Dün­ýä­dä­ki se­ki­zin­ji uly şä­her bo­lan Týans­zi­niň 14 mil­li­on 722 müň­den gow­rak ýa­şaý­jy­sy bar. Bu owa­dan şä­her ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri Im­pe­ra­to­ryň ne­be­re­le­ri­niň dynç al­ýan ýe­ri bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da dynç alyn­ýan se­bit met­ro­po­lyň için­de ga­lyp­dyr.
2018-nji ýyl­da Guanç­žou şä­he­ri­niň ila­ty 14 mil­li­on 500 müň­den geç­ip, sanawda dokuzynjy orny eýeleýär. Bu şä­he­re her ýyl dür­li ýurt­lar­dan mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy gel­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio şä­he­ri ila­tynyň sa­ny ba­bat­da he­mi­şe öň­dä­ki orun­lary eýe­le­ýär. Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň paý­tag­ty­nyň 13 mil­li­on 743 müň ila­ty bolup, sanawda onunjy orny eýeleýär. XV asy­ryň or­ta­la­ryn­da dö­re­di­len met­ro­po­lyň kö­çe­le­ri aras­sa­ly­gy bi­len ün­si çek­ýär. Şä­her­de ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri hem-de hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ry­ly­şy­ny gör­mek bol­ýar.

Aý­je­ren HA­ÝY­DO­WA,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.