25-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer şu günler Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal — Mary böleginde degişli işleriň batly depginde alnyp barylýandygy, ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň, ýük ulaglarynyň, ýüküni özi düşürýän demir ýol wagonlarynyň köp sanlysynyň ulanylýandygyny habar berdi.
Desganyň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna goşmaça “KamAZ” kysymly ýük ulaglaryny satyn almak hakyndaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň häzirki zaman we netijeli ulag düzümini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetli çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere gabat gelmegi, Türkmenistanyň möhüm üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp, bu desganyň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz bu babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň iri kärhanalary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda ýerine ýetirýän işlerini mysal getirdi. Bu gün milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezen bu ýük ulaglary netijeli peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan düzümleýin desgalaryň üpjünçilik ýagdaýyna döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini aýdyp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere alnyp barylýan işleriň hil derejesine we bu ugur boýunça degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.