1948-nji ýylda Filadelfiýanyň Dreksel Tehnologiýa uniwersitetiniň aspiranty S.Bernard öz kärdeşi bilen ýerli bölek satuwda ulanmak maksady bilen köpsanly dükany bolan telekeçiniň teklibi bilen önümiň degişli maglumatyny awtomatiki usulda “okaýan” özboluşly ulgamy işläp düzmek we ony durmuşa geçirmek kararyna gelýär. Munuň üçin olar nokatlaryň, çyzyklaryň inçe we ýogyn zolaklaryny, sanlary ulanmak bilen emele gelýän urgyny okamak hem-de hereketli suratdaky sesi ýazga almak üçin optiki ses ulgamyndan peýdalandylar. Netijede 1949-njy ýylda olar öz oýlap tapyşy üçin degişli edara ýüz tutdular. Şunlukda dünýäde ilkinji ştrih-kod ulgamy üçin degişli patent aldylar. 1952-nji ýylda bu patent şol wagtky “Philco” kompaniýasyna, soňra RCA kärhanasyna satylýar. 1971-nji ýylda esasy söwda işgärleriniň sammitinde bu kody giňişleýin ulanyşa girizmek babatdaky meselä seredildi.
1970-nji ýylda IBM kärhanasy tarapyndan 12 belgiden ybarat bolan bütindünýä haryt kody UPC (Universal product code) işlenip düzülýär. Ilkinji ştrih-kodly önüm “Wrigley’s chewing gum” (sakgyç) bolmak bilen ol 1974-nji ýylda öndürildi. Ony “okamak” üçin ilkinji skanerler döredildi. Häzirki wagtda 50-den gowrak ştrih-kodlaýyş ulgamy bolup, olaryň dördüsi has-da işjeň ulanylýar. Häzirkizaman akylly smartfonlarynda hem kameranyň üsti bilen dürli ştrih-kodlary ýa-da “QR” kody skanirlemäge mümkinçilik berýän ýörite programmalar girizilip, ol gerekli obýekti çalt kesgitlemäge ýardam edýär.
Leýli Orazmuhammedowa,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby