Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.
Dowamy.
Şol mahal bir söwdagär şeýle diýdi:
– Bize satyn almak we satmak barada gürrüň bersene!
Ol şeýle diýdi:
– Toprak öz miwelerini eçilende, elleriňi nädip doldurmalydygyny bilseňiz, mätäçlik çekmersiňiz.
Topragyň peşgeşlerini alyş-çalyş edeniňizde, bolçulyk we kanagat taparsyňyz.
Eger-de bu alyş-çalyş söýgi we hoşmeýilli adalat bilen berjaý edilmese, käbirlerini açgözlüge, käbirlerini bolsa, açlyga alyp barar.
Eý, deňizleriň, ekin meýdanlarynyň we üzümçiligiň zähmetkeşleri, siz bazarda tikinçiler, küýzegärler hemem hoşboý ysly ösümlikleri satýanlar bilen gabatlaşanyňyz wagtyňyz;
Topragyň baş ruhuny çagyryň, goý, ol siziň araňyza gelip, terezileri mukaddesleşdirip, bir nyrhyň beýleki bir nyrha bolan gatnaşygyny kesgitlesin.
Siziň zähmetiňizi boş sözler bilen hasaplaşyp, söwdaňyza şärik bolmaga dyrjaşýan biderek adamlary golaýyňyza-da getirmäň!
Şeýle adamlara: “Biziň bilen ekin meýdanyna gel ýa-da biziň doganlarymyz bilen deňze git-de, tor taşla; çünki bize hem bolşy ýaly, size-de toprak we deňiz sahylyk eçiler” diýiň.
Eger-de ol ýere aýdymçylar, tansçylar we tüýdükçiler gelse, olaryň hem sowgatlaryny satyn alyň!
Çünki olar hem miweleri we hoşboý ysly otlary toplaýjylar bolup, olaryň getiren zatlary diňe arzuw-hyýallardan düzülen hem bolsa, ruhuňyz üçin oňat iýmitdir.
Siz bazar ýerinden çykmazdan ozal, hiç kimiň eliboş gitmändigini göz ýetiriň.
Çünki Zeminiň baş ruhy eýesi, siziň iň kiçiňiziň zerurlyklary kanagatlanýança, şemalyň üstünde rahat uklap bilmez.
(dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.