Soňky ýyllarda el telefonlarynyň artmagy bilen köp internet saýtlarynyň ýerine mobil goşundylar has köp ulanylyp başlandy. Esasan hem, 2019-njy ýyldan soňra bu programmalar tölegli abunany ýola goýdular. “Sensor Tower” atly şereket mobil goşundylaryň has köp girdejilileriniň sanawyny mälim etdi. “iOS” amaly ulgamynda hereket edýän mobil goşundylaryň sanawynyň başynda 1,2 milliard dollar girdeji gazanan “YouTube” bar. Bu programmanyň “Premium” bukjasy tölegli bolup, onda adatdakydan tapawutlylykda mahabatlar çykmaýar. Sanawda “Tinder”, “Tencent Video’, “iQIYI”, “Disney+”,” Piccoma”, “QQ Music”, “Youku”, “HBO Max” we “Hulu” bar. Bu mobil goşundylar, esasan, güýmenje we filmlere tomaşa etmek üçin niýetlenen. “Android” telefonlarynda bolsa, “Google One”, “Piccoma”, “Disney+”, “HBO Max”, “Twitch”, “Tinder”, “Pandora”, LINE, ESPN we “Facebook” ilkinji onluga giripdir. Sanaw geçen ýylky maglumatlar esasynda taýýarlanypdyr.
Selbi Hanowa,
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.