Tennis boýunça erkekleriň arasyndaky sanawda birinji ýerdäki tennisçiniň ady üýtgedi. 8615 utuk toplan russiýaly Daniil Medwedew sanawyň täze birinji belgili tennisçisi boldy. 26 ýaşyndaky Medwedew bu sanawda Ýewgeniý Kafelnikow hem-de Marat Safinden soň birinji orna çykan 3-nji rus tennisçisi hökmünde taryha girdi. Häzirki güne çenli 27 tennisçiniň adynyň çür depe çykan sanawynda soňky 18 ýyldan bäri diňe 4 tennisçi birinjiligi eýeläp gelýärdi. Şweýsariýaly Rojer Federer, ispaniýaly Rafael Nadal, britaniýaly Endi Mýurreý hem-de soňky lider serbiýaly Nowak Jokowiçden başga hiç bir tennisçi 18 ýyldan bäri birinji orna geçmändi. Başgaça aýdylanda, 6601 günden (02.02.2004 – 27.02.2022) soň sanawyň birinjisi ady agzalan 4 tennisçiden başgasy boldy.

Medwedew özüniň birinji orna geçmegi bilen baglanyşykly: “Çagakam bu ýere gelmek mümkin däldir öýdýärdim. Şol sebäpli juda kän arzuw etdim. Maksadyma ýetiberemde-de azrak arzuw edip, ony amala aşyrmak üçin köpräk zähmet çekdim. Indi ol meniň üçin arzuw däl. Maksadym bu orunda galmak” diýip, çykyş etdi.

Geçen ýyl Amerika Açykda çempionlyk gazanan Medwedewiň ATP ýaryşlarynda 13 kubogy bar.