Italiýanyň Kubok ýaryşynda ýarym final duşuşyklarynyň birinjisi oýnaldy. San Siroda geçirilen Milan derbisinde Milan bilen Inter duşuşyp, oýunda hasap açylmady. Toparlaryň ikisi-de azda-kände dörän amatly pursatlardan ýerlikli peýdalanyp bilmediler. Şeýlelikde, ýarym finalyň birinji duşuşygy golsuz tamamlanyp, finala çykjak topar 20-nji aprelde geçiriljek jogap duşuşygynda belli bolar.

7 oýundan bäri ýeňilmän gelýän Milan soňky 3 duşuşygyny deňlikde tamamlady. Inter bolsa soňky 5 duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi we şolaryň 4-sinde gol hem geçirmek olara başartmady.

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň beýleki duşuşygy şu gije oýnalar. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak duşuşykda Fiorentina bilen Ýuwentus duşuşar.

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň jogap oýunlary 20-21-nji aprelde oýnalar.