Angliýaly boksçy, agyr agramyň çempiony Taýson Fýuri karýerasyny tamamlamajakdygyny habar berdi. Ol şu ýylyň 23-nji aprelinde Dilian Waýtyň garşysyna geçirjek tutluşygynyň karýerasyndaky soňky duşuşygynyň boljakdygyny aýtdy. 33 ýaşyndaky boksçy bu barada: “Waýt meniň boks karýeramdaky soňky garşydaşym bolar. Ondan soň  karýeramy tamamlajak. Bankdaky hasabymda 150 million funt sterling pulum bar. Saglygymam oňat, özümem ýaş. Başga bir ýurtda-da gämi satyn almagy göz öňünde tutýaryn. Mndan soň subut etjek zadym ýok diýip, çykyş etdi. Agyr agramda WBC-niň çempionlyk guşagynyň häzirki eýesi bolan Fýuri karýerasy boýunça 32 gezek ringe çykdy. Ol şolaryň 31-sinde ýeňiş gazanyp, birinde-de deňme-deň netije görkezdi.

Taýson Fýuriniň bilen Dilian Waýtyň arasyndaky duşuşyk 23-nji aprelde Londondaky Wembley stadionynda geçiriler. Bu duşuşykdan soň Fýuriniň Oleksandr Usyk bilen Antoni Joşuanyň arasyndaky tutluşygyň ýeňijisi bilen özara güýç synanyşmagyna garaşylýardy.