Maksat Myradowiç Ödeşow 1977-nji ýylyň 8-nji iýulynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1984 — 1987-nji ýyllarda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 4-nji orta mekdepde, 1987 — 1994-nji ýyllarda şol etrapdaky 1-nji orta mekdepde okady.

1994 — 1996-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Poçta aragatnaşyk kärhanasynda operator bolup işledi.

1996 — 2000-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.

2000 — 2002-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň operatory bolup işledi.

2002 — 2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň durmuş-medeni ulgam bölüminiň 2-nji derejeli hünärmeni, soňra senagat, gurluşyk, oba hojalyk, binagärlik we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň 2-nji derejeli hünärmeni;

2005-2006-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň 2-nji derejeli hünärmeni;

2006-2007-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni;

2007-2008-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkiminiň kömekçisi wezipelerinde işledi.

2008 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň sekretary wezipesinde işledi.

2013-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.

2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty bolan. Maşgalaly, iki çagasy bar.

Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Maksat Myradowiç Ödeşowyň maksatnamasy

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlän Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde abraý, üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Halkymyz taryh üçin örän gysga döwürde özüniň döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ägirt uly üstünlikleri gazandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde Türkmenistan halkara abraýyny pugtalandyryp, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasyna öwrüldi. Her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ajaýyp hem nurana geljeginiň hatyrasyna köpugurly maksatnamalar toplumlaýyn amala aşyryldy, ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi. Geçen döwrüň içinde ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynda, sanly ulgamlarda uly üstünlikler gazanylyp, döwletimiziň halkara abraýy has-da artdy.

Esasy Kanunymyzda halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasy öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylsam, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny özüme baş maksat edip goýdum:

Döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň hukuk binýadyny has-da berkitmäge hem-de milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri giň gerimde alyp barmak üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn. Özara ynanyşmaga esaslanýan, hoşniýetli, taraplara bähbitli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlyklaryň has-da giňelmegi, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, milli bähbitlere laýyk gelýän köpýyllyk hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere çykarylmagy, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de has-da artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdireris.

Dünýäniň abraýly halkara guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmek bagtyna eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagynyň, onuň parahatçylyk dörediji, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmündäki derejesiniň mundan beýläk-de ýokary göterilmeginiň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekip, häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy ähmiýete eýe bolan meseleleriniň çözgüdini tapyp, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda halkara gatnaşyklaryň kämil derejelere göterilmegi üçin zerur işleri durmuşa geçirjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Ata Watanymyz Türkmenistan bu gün ykdysady taýdan dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny innowasion esasda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, döwletimizi dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda, ilki bilen:

— halk hojalygyna häzirki zaman ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak;

— milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda iş orunlaryny döretmek ýoly bilen ilatyň doly iş üpjünçiligini gazanmak;

— içerki bazarlarda harytlara we hyzmatlara bolan islegi yzygiderli kanagatlandyrmak, nyrhlary amatly derejelerde durnukly saklamak maksady bilen ilatyň pul girdejilerini, zähmet haklaryny tapgyrlaýyn we yzygiderli ýokarlandyrmak;

— ýurduň zähmete ukyply ähli raýatlarynyň ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini deň bazar şertlerinde, sagdyn bäsleşik esasynda ulanmaga, degişli möçberlerde girdejileri gazanmaga mümkinçilik berýän syýasaty alyp barmak;

— telekeçilikde we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz beýleki ugurlarynda täze iş orunlaryny döretmegi döwlet tarapyndan goldamak;

— pensiýa üpjünçiligini dünýä derejelerinde guramak, döwlet kömek pullarynyň we ýeňillikler ulgamynyň ilatyň zähmete ukypsyz bölegi üçin salgylaýyn häsiýetde bolmagyny gazanmak, durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýaryn.

Biz ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ibermäge, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen täze kärhanalary döretmäge, ilatyň azyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça oba hojalygynda düýpli özgertmeleri geçirmäge, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze iş orunlaryny döretmäge we ilatyň ähli gatlaklary üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny mundan beýläk hem dowam etdireris.

Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns bereris:

— döwlet tarapyndan täze innowasion obasenagat kärhanalarynyň gurulmagynyň we işe girizilmeginiň netijesinde iş orunlarynyň döredilmegini yzygiderli üpjün etmek;

— oba ýerlerinde we etrap merkezlerinde senagat kärhanalarynyň, agrosenagat birleşiginiň önümçiliklerini, söwda we hyzmat nokatlaryny köpçülikleýin döretmek, döwrebap enjamlaşdyrmak;

— oba hojalyk önümleriniň öndürilýän ýerlerinde taýýar azyk önümleriniň ähli basgançaklaryny özünde jemleýän döwrebap agrofirmalary we agrokombinatlary gurup, işe girizmek bilen bagly işlere hem giň gerim bereris.

Oba ýerleri üçin bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşyna uly ähmiýet bereris. Tejribeli daýhanlaryň ýaşlara hünär öwretmekleriniň özboluşly mekdebini emele getireris. Ýerlerdäki daýhan birleşiklerinde maglumatlar merkeziniň döredilmegini, ähli etraplarda hünärmen-tehniki mekdepleriň we oba hojalyk ugry boýunça okuw merkezleriniň döredilmegini gazanarys. Topragy we tehnikany gowy bilýän tejribeli hünärmenleriň gatlagynyň emele gelmegi üçin zerur şertleri dörederis. Oba hojalyk ulgamynda işlejek kämil hünärmenleri ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerimiziň ýanyndaky okuw-tejribe hojalyklarynyň işini örän ykjam ýola goýup, hereket edýän ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň işiniň ylmy we amaly mümkinçiliklerini artdyrmagy göz öňünde tutýarys.

Daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, adamyň saglygyny goramagyň möhüm bölegi bolan azyk önümleriniň hiline berk gözegçilik etmek, ilatyň durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty adamlaryň durmuşyna köpçülikleýin ornaşdyrmak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek barada yzygiderli alada ederis.

Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiligini düýpli özgertmegi we onuň alnyp barlyşyny kämilleşdirmegi, daýhan hojalyklaryny köpçülikleýin döretmegi, olaryň netijeli işlemegi, bol hasyl öndürmegi üçin zerur şertleri üpjün etmegi pudagyň öňünde durýan derwaýys wezipe hasaplaýarys.

Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly işleri giňden ýaýbaňlandyrarys. Düýpli we pudaklaýyn, akademiki hem-de ýokary okuw mekdeplerindäki ylmyň dünýä ülňülerine laýyk derejede bolmagyny gazanmak arkaly, ata Watanymyz üçin üçünji müňýyllykda zerur bolan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegine zerur şertleri dörederis.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny hemmetaraplaýyn öwrenip, bu hazynany täze nesli terbiýelemekde giňden ulanmagyň usullaryny işläp düzeris. Türkmen döwletiniň özboluşly ideologiýasynyň kämilleşdirilmegini, medeni-ynsanperwer ulgamyň işiniň hem ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede bolmagyny üpjün ederis.

Hazaryň ekologik taýdan iň arassa kenary bolan Awazany mundan beýläk-de ösdüreris, Türkmenistanyň beýleki gözel künjeklerinde saglygy dikeldiş we dynç alyş maksatly binalaryň ulgamyny döredip, olarda diňe bir biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň ähli yklymlarynyň ynsanlarynyň dynç almaklary, syýahat etmekleri üçin oňyn şertleri dörederis.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn doly bilim almaklary üçin orta we ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdireris, raýatlarymyzyň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny gazanmak üçin okuwlaryň dürli görnüşleriniň döredilmegini ýola goýarys.

Ilatyň saglygy baradaky aladany üns merkezimizde saklarys we lukmançylyk edaralarynyň täze-täze binalaryny gurup, olary dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ederis, hünärmenlerimiziň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri alyp bararys. Türkmenistanlylaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen, ýurduň ähli ýerlerinde dürli görnüşli sport mekdepleriniň, kiçi sport merkezleriniň, türgenleşik zallarynyň ulgamyny dörederis.

Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek işlerine, bir söz bilen aýdylanda, oba özgertmelerine täzeden badalga bereris. Oňa laýyklykda, welaýatlaryň şäherlerinde, obalarynda, şäherçelerinde we etrap merkezlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim ulgamlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bereris. Munuň üçin ähli zerur şertleri dörederis.

Ýurdumyzyň daşary syýasaty ähli döwletler we halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegine ýardam edýär. Şuny nazarda tutup, biz geljekde hem ýakyn goňşularymyz, sebitiň döwletleri hem-de dürli yklymlaryň ýurtlary bilen zerur gatnaşyklary işjeňleşdireris.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli syýasy waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Bu saýlawlar ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesini görkezýän möhüm syýasy waka bolar we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze zamana — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam basandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Bu saýlawlar halkymyzyň watansöýüjiligini, agzybirligini, syýasy hem hukuk düşünjeliligini ýene bir gezek dünýä ýüzüne äşgär eder.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisini halkymyz bilen bilelikde üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak meniň üçin iň uly bagtdyr.

Mähriban halkymyzyň saýlawlara işjeň gatnaşjakdygyna, ata Watanymyzyň okgunly ösüşini täze belentliklere tarap ynamly alyp gidip biljek mynasyp adama öz seslerini berjekdigine berk ynanýaryn.

Şöhratly pederlerimizden miras galan ata Watanymyzda asly halallyga ýugrulan, zähmetsöýer we agzybir halkymyz bilen bilelikde döwletimiziň mundan beýläk hem has-da gülläp ösmegi ugrunda özümiň ähli başarnygymy, tagallalarymy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.