Ermenistan parlamenti ýokary tehnologiýa senagaty ministri Waagn Haçatrýany ýurduň Prezidenti wezipesine saýlady. Bu barada kanun çykaryjy edaranyň hasabat komissiýasynyň başlygy Narek Babaýan mälim etdi.
Onuň bu wezipä ýeke-täk dalaşgärdigi bellenilýär. Haçatrýanyň dalaşgärligini dolandyryjy “Raýat Şertnamasy” partiýasy teklip etdi. Ol birinji tapgyrda azyndan zerur bolan 81 sese derek diňe 69 deputatyň sesine eýe boldy.
-Ikinji tapgyrda zerur bolan 65 deputatyň sesine derek 71 deputat Haçatrýana ses berdi – diýip, Narek Babaýan belledi.
Ermenistanyň öňki Prezidenti Ermen Sarkisýan 23-nji ýanwarda wezipesinden çekilýändigini mälim edipdi.