Git­di­gi­çe glo­bal­laş­ýan, ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy­ýet­li ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň paý­tagt şä­her­le­ri fu­tu­ris­tik met­ro­pol­la­ra öw­rül­ýär, şol bir wag­tyň özün­de soň­ky dö­wür­de has köp gir­de­ji ga­zan­ýan ýurt­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Yk­dy­sa­dy tä­ze­­lik­le­ri oky­jy­la­ry­na ýe­tir­ýän «For­bes» žur­na­ly dün­ýä­niň baý şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Nýu-Ýork ýe­ne-de 400 mil­liard dol­lar baý­ly­gy we 25 müň tö­we­re­gi ýo­ka­ry gir­de­ji­li ýa­şaý­jy­sy bi­len sa­na­wyň il­kin­ji or­nu­ny eýe­le­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­dä­ki 2 müň 95 mil­li­ar­de­riň 552-si bu şä­her­de ýa­şa­ýar. «For­bes»-iň sa­na­wyn­da dün­ýä­de yk­dy­sa­dy güýç hök­mün­de or­nu­ny ber­kid­ýän Azi­ýa­nyň iri şä­her­le­ri­niň hem sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Gon­kong dün­ýä­niň ikin­ji iň baý şä­he­ri bo­lup, Hy­ta­ýyň Şan­haý, Pe­kin we Şenç­žen şä­her­le­ri­niň üçü­si hem sa­naw­da özü­ne orun ta­pyp­dyr.
Nýu-Ýork. Bu şä­her al­tyn­jy ge­zek sa­naw­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. 300,46 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny bo­lan şä­he­riň 8 mil­li­on 800 müň­den gow­rak ýa­şaý­jy­sy bar. Nýu-Ýork söw­da, güý­men­je, teh­no­lo­gi­ýa, bi­lim, sy­ýa­sat, sy­ýa­hat­çy­lyk, aş­pez­lik, sun­gat, mo­da, me­de­ni­ýet we sport ýa­ly dür­li ugur­lar­da öňe saý­la­nyp, iň köp sy­ýa­hat edil­ýän we su­ra­ta dü­şü­ril­ýän şä­her­le­riň bi­ri­dir. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy ýer­leş­ýän şä­he­r sy­ýa­sy taý­dan hem äh­mi­ýet­li­dir.
Gon­kong. Hy­ta­ýyň gü­nor­ta­syn­da­ky Çžusz­ýan der­ýa­sy­nyň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän şä­he­riň meý­da­ny 1 104 ine­dör­dül ki­lo­met­re go­laý bo­lup, 7,5 mil­li­on­dan gow­rak ýa­şaý­jy­sy bar. Öz­ba­şdak do­lan­dy­ry­ly­şy bo­lan şä­her be­ýik bi­na­la­ryň jem­le­nen ýer­le­riň bi­ri­dir. Şä­her­de 150 metr­den geç­ýän 482 bi­na bar.
Mosk­wa. Ady­bir der­ýa­nyň bo­ýun­da ýer­leş­ýän şä­he­riň meý­da­ny 2 511 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar. Ýew­ro­pa­nyň iň köp ilat­ly şä­he­ri bo­lan şä­her meý­da­ny ba­bat­da hem dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Şä­her sy­ýa­sy mer­kez bol­mak bi­len hi­mi­ýa, me­tal­lur­gi­ýa, azyk, dok­ma, ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi ýa­ly se­na­gat taý­dan hem ösen ýer­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty işe­wür­lik mer­kez­le­ri­niň hem jem­le­nen ýe­ri­dir.
Pe­kin. Hy­ta­ýyň paý­tag­ty­nyň meý­da­ny 16,410,5 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, 21 mil­li­on­dan gow­rak ýa­şaý­jy­sy bar. Pe­kin me­de­ni­ýet, dip­lo­ma­ti­ýa, sy­ýa­sat, ma­li­ýe, işe­wür­lik, bi­lim, göz­leg, dil, sy­ýa­hat­çy­lyk, sport, ylym, teh­no­lo­gi­ýa we ulag bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy mer­kez­le­riň bi­ri­dir. Bu ýer­de Hy­ta­ýyň iň uly döw­let kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kö­pü­si­niň baş eda­ra­sy ýer­leş­ýär. Dün­ýä­dä­ki iň uly «For­tu­ne Glo­bal 500» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, şeý­le hem umu­my baý­lyk­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň iri ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zi eda­ra­la­ry bu şä­her­de ýer­leş­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, soň­ky ýyl­lar­da Pe­kin­de mil­li­ar­derleriň sa­ny hem art­ýar. Şeý­le hem ýo­ka­ry tiz­lik­li ga­ra we de­mir ýol ul­gam­la­ry­nyň esa­sy mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir.
Lon­don. Lon­don Ang­li­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Tem­za der­ýa­sy­nyň bo­ýun­da De­mir­ga­zyk deň­zi­ne çen­li 80 ki­lo­metr ara­lyk­da ýer­leş­ýär. Glo­bal de­re­je­li şä­her­le­riň bi­ri hök­mün­de bel­li bo­lan şä­her sun­gat, söw­da, bi­lim, güý­men­je, mo­da, ma­li­ýe we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri hök­mün­de hem äh­mi­ýet­li­dir. Şä­her Ýew­ro­pa­da Pa­riž­den soň gurp­ly adam­la­ryň ýa­şa­ýan ikin­ji şä­he­ri ha­sap­lan­ýar.
Şan­haý. 24 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan şä­her Gün­do­gar Azi­ýa­da je­mi içer­ki önü­mi bo­ýun­ça ösen se­bit­le­riň bi­ri­dir. Ba­lyk­çy­lyk şä­her­çe­si hök­mün­de esas­lan­dy­ry­lan ilat­ly no­kat gys­ga wagt­dan Azi­ýa­nyň esa­sy söw­da we ma­li­ýe mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Şanhaý ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýe­ti taý­dan Azi­ýa we Okea­ni­ýa se­bi­tin­de bi­rin­ji orun­da dur­ýar.
Şenç­žen. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň bu şä­he­ri ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len gir­de­ji­li şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rü­lip­dir. Bu ýer­de dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum şert­le­ri, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa we do­lan­dy­ryş tej­ri­be­si eks­por­ta ni­ýet­le­nen ha­ryt­la­ryň köp muk­da­ry­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şenç­žen ge­çen ýyl 2,5 tril­li­on dol­lar­lyk ba­zar nyr­hy bi­len bu ugur­da dün­ýä­de 8-nji or­ny eýe­le­di.