Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin ýüz tutjakdyklaryny mälim etdi. Bu baradaky degişli resminama Hökümet başlygy Natalýa Gawrilisa hem-de Milli parlamentiň başlygy Igor Grosu tarapyndan gol çekildi. Resminamanyň Ýewropanyň degişli edaralaryna gowşurylar. Ýurduň Prezidenti Sandu Moldowa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin resminama gol çekilendigini, bu hatda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň başlyklygyny alyp barýan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona ýüzlenilýändigini aýtdy. Prezident Sandu ýurduň raýatlarynyň geljegini Ýewropa Bileleşiginde görýändigini belledi.
Ýeri gelende bellesek, 2013-nji ýylyň noýabrynda ÝB Moldowa raýatlaryna wizany ýatyrmagy teklip edipdi. Netijede 2014-nji ýylyň 28-nji aprelinden başlap biometrik pasporta bolan Moldowa raýatlarynyň Şengen sebitine wizasyz girmegine rugsat edilipdi.