Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 10-njy we 24-nji aprel günlerinde geçiriljek iki tapgyrly saýlawda ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär boljakdygyny mälim etdi. Ol bu barada halkyna açyk hat ýazyp, dalaşgärligini resmi ýagdaýda aýan etdi. Ol hatynda: – Prezident hökmünde täze wezipe üçin ynamyňyzy haýyş edýärin… Men çagalarymyzyň we agtyklarymyzyň geljegini taýýarlamaga dalaşgär – diýdi. Ol: – Häzirki emele gelen ýagdaýlar sebäpli isleýşim ýaly kampaniýa etjek däl – diýip belledi.
Fransiýanyň ilaty geljek aý bäş ýyllyk möhlet bilen ýurduň ýolbaşçysyny saýlamak üçin saýlawa gatnaşarlar. Häzire çenli otuza golaý dalaşgär bu wezipä dalaş etjekdigini aýtdy. Dalaşgärler saýlawyň birinji tapgyryna gatnaşmak üçin özüne goldaw berýän wekilleriň 500 sanysynyň goluny ýygnamaly bolýar. Häzire çenli 11 dalaşgär teklipçi toparlar tarapynda bu wezipä hödürlendi.