5-nji fewralda Mary welaýatynyň häkimliginde Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy Döwlet energetika institutynyň mugallymy Ý.Ýakubow açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili – Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy A.Amangeldiýewe söz berdi.
Ol bu ýere ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony jogapkärçilikli, abraýly adam, tejribeli we oňyn başlangyçlary öňe sürýän, öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra dalaşgär M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, uly maksatlary nazarlaýan özgertmeleriň amala aşyrylmagyna möhüm üns berjekdigini nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, durmuş ulgamyny nazarlaýan maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň dowam etmegine, şäherleriň we obalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, bilim, ylym we medeniýet ugurlarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berler.
Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy barada aýdyp, dalaşgär özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde abraýnyň ýokarlanmagyna gönükdirlen syýasaty dowam etdirmäge meýillidigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumyna ylmy-tehniki gazananlaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny, hemmetaraplaýyn bilimli ýaşlary taýýarlamaga gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, milli medeniýetiň ösdürilmegi ýaly ugurlara möhüm ähmiýet beriljekdigine ünsi çekdi.
M.Ödeşow bildirilen ýokary ynam üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, ony özüniň halkymyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gönükdirilen zähmeti bilen ödejekdigini ynandyrdy.
Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga we mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamasy üçin dalaşgärlere hoşallyk bildirdiler.