Awstraliýanyň ýerasty baýlyklary çykarmak bilen meşgullanýan “Fortescue” kompaniýasy Ýeriň dartyş güýjünden peýdalanyp, zarýad alýan otlyny işläp taýýarlady. Bu otly arkaly onlarça tonna demir magdany elektrik energiýasy bilen işleýän otlular arkaly daşalar. Bu demir ýol ulagyna zarýad bermek üçin hiç hili energiýa sarp etmäge zerurlyk duýulmaz. “Fortescue” bu taslamany durmuşa geçirmek üçin “Williams Advanced Engineering” (WAE) şereketini satyn alypdyr. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde howany hiç hili hapalamaýan otlular işlenip düzüler. Taslamanyň çäklerinde belli aralykda hereket edýän otly ýapgytdan aşaklygyna gaýdanda batareýalaryny zarýaddan doldurar. Alan energiýasy yzyna gidende ýokaryk çykmaga aňryýany bilen ýeter. Şeýle usul mundan ozal ýük ulaglarynda hem synagdan geçirilip, oňyn netije beripdi.
Tawus Ödäýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.