Motosikl önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Ducati” elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedini tanyşdyrdy. “Ducati Futa” atly iki tigirli ulag “ýaryş” klasyna degişli bolup, agramy 12,4 kilograma ýetýär. Ulagyň iki görnüşli batareýalysy bolup, olaryň biri bilen 80 km, has kuwwatlysy bilen 160 km ýol geçip bolýar. Häzirlikçe diňe Ýewropa ýurtlarynda 7 müň 700 ýewrodan satuwa çykarylan ulagyň has ýeňil, bahasy 12 müň ýewro bolan görnüşi hem bar. “Futa Limited Edition” atly bu modelden bary-ýogy 50 sanysy öndürilipdir. Motosikl önümçiligi bilen meşgullanýan italýan kompaniýasy soňky ýyllarda samokat we welosiped ýaly has ýeňil ulaglaryň önümçiligine hem üns berýär.
Merjen Söýünowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.