Ir zamanlarda to­ka­ýyň için­de ösüp otu­ran agaç­la­ryň bi­rin­de kep­de­ri sü­rü­si ýa­şa­ýan eken. Şol aga­jyň düý­bün­de bol­sa bir sy­çan­jyk mes­gen tu­tup­dyr. Sy­çan bu­la­ryň ba­şy­ny çek­ýän kep­de­ri bi­len dost eken. Bir gün sy­çan goň­şy oba git­jek­di­gi­ni kep­de­ri dos­tu­na ýaň­zyd­ýar.
Şol gün­le­riň bi­rin­de ma­wy as­man­da per­waz urup ýö­ren kep­de­ri­le­riň bi­ri­niň ýi­ti na­za­ry aşak­da üý­şü­ri­lip goý­lan dä­ne­ler­de eg­len­ýär. Ol beý­le­ki kep­de­ri­le­re aşak inip dä­ne çok­ma­gy tek­lip ed­ýär. Ola­ryň ba­şy­ny çe­kip gel­ýän kep­de­ri bu je­le­gaý­lar­da bug­daý meý­da­ny­nyň ýok­du­gy­ny, şo­ňa gö­rä, ol dä­ne­le­riň aw­çy­la­ryň pi­ri­mi bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni, bir­den ol ýe­re gon­sa­lar du­za­ga dü­şüp bil­jek­dik­le­ri­ni ýat­lad­ýar.
Kep­de­ri­le­riň bi­ri­si guş­gur­sak dä­ne­le­re ym­sy­nyp:
-Men-ä nä­me bol­sa-da, şol dä­ne­ler­den çok­jak – diý­ýär-de, aşak­ly­gy­na eň­ýär. Mu­ny gö­ren beý­le­ki kep­de­ri­ler hem onuň yzy­na eýer­ýär­ler. Ola­ryň ba­şy­ny çe­kip gel­ýän kep­de­ri:
– Ýog­sa-da, me­niň ýe­ke özümiň al-as­man­da nä­me işim bar – di­ýip, içi­ni hüm­led­ýär-de ol hem aşak­ly­gy­na inýär. Şeý­le­lik­de, kep­de­ri­le­riň ba­ry­sy neb­se­wür­lik bi­len dä­ne çok­ma­ga baş­la­ýar­lar. Bir­de­nem olar aw­çy­nyň gu­rup go­ýan to­ru­na gap­la­nan­dy­gy­na dü­şü­nip gal­ýar­lar. Kep­de­ri­ler eden iş­le­ri­ne puş­man edip, öz­le­ri­niň ba­şy­ny çek­ýän kep­de­ri­den ötünç so­rap, bu be­la­dan baş alyp çyk­ma­gyň ýo­lu­ny so­rap ug­ra­ýar­lar. Şol ma­hal ýaň­ky kep­de­ri­niň kel­le­si­ne bir pi­kir gel­ýär. Ol kep­de­ri­le­re ga­rap:
– Bi­ziň ba­ry­myz bi­le­lik­de ga­nat kak­sak, me­ge­rem, tor bi­len bir­lik­de as­ma­na gö­te­ri­lip bi­le­ris. Şeý­di­bem goň­şy oba­da­ky sy­çan­jy­gyň ýa­ny­na aşa­rys. Onuň bi­zi ha­las et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn – di­ýip­dir.
Şeý­le­lik­de, to­ra gap­la­nan kep­de­ri­le­riň ba­ry­sy bir­den ga­nat ka­kyp, as­ma­na gö­te­ri­lip­dir­ler-de, sy­çanyň ýa­ny­na gü­sür­de-pa­syr bol­şup ba­ryp­dyr­lar. Kep­de­ri­le­riň kyn­lyk bi­len ýe­re go­nu­şy­na gö­zi dü­şen sy­çan­jyk der­rew beý­le­ki sy­çan­la­ry kö­me­ge ça­gy­ryp­dyr. Sy­çan­lar ýer­li-ýer­den to­ry ker­tip­dirler-de, kep­de­ri­le­ri ha­las edip­dir­ler. Uly be­la­dan aman ga­lan kep­de­ri­ler sy­çan­la­ra ho­şal­lyk bil­di­rip­di­rler.
Sy­çan­lar ýer­li-ýer­den:
– Bi­ziň ga­py­myz­dan ge­lip, duz dat­man git­mek bol­maz. Ge­liň, biz si­ze hez­zet-hor­mat ede­li – di­ý­şip­dir­ler.
Kep­de­ri­ler tek­li­be ra­zy bo­lup­dyr­dyr.

Ag­zy­bir­lik uly güýç­dür.