Hytaýda 2022-nji ýylda 5,5 göterim ykdysady ösüşe garaşylýar. Bilermenler ýurduň infrastrukturasyny özleşdirmäge has köp maýa goýum goýjakdygyny çaklaýarlar. Hytaýyň ösüş maksatnamasy soňky 30 ýyldaky iň pes görkezijisi bolsa-da, garaşylýan ösüşden has ýokary boldy. Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna görä ýurt 4,8 göterim ösüş gazanar. Bilermenler bolsa, bu görkezijiniň 5 göterim boljakdygyny belleýärler. Olaryň pikirine görä, şu ýyl ýurtda ýaşaýyş jaýlaryna meselesini aradan aýyrmak üçin has köp tagalla ediler.

Ýaýradylan maglumatlara görä, ýylyň ilkinji iki aýynda ýurduň importynyň 15,5 göterim, eksportynyň 16,3 göterim ösendigi habar berildi. Geçen ýylyň soňky aýynda ýurduň eksporty 20,9 göterim artypdy.

Agamyrat Pirgulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.