Iň­lis di­lin­de «In­tel­li­gence quo­tient» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan (gys­ga­ça IQ di­ýil­ýär) sy­nag­lar ada­myň akyl-paý­ha­sy­ny öl­çe­mek üçin köp­den bä­ri ula­nyl­ýan yg­ty­bar­ly usul­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu hi­li sy­nag­lar üýt­gäp dur­sa-da, öze­ni ma­te­ma­ti­ki so­rag­lar­dan dü­zül­ýär. Bu sy­nag il­kin­ji ge­zek ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da ada­myň ukyp­la­ry­ny öl­çe­mek mak­sa­dy bi­len sy­nag edi­lip­dir. Il­kin­ji IQ sy­na­gy­ny fran­suz psi­ho­lo­gy Alf­red Bi­ne dö­re­dip­dir. Bu sy­nag okuw­çy­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni kes­git­le­mek üçin taý­ýar­la­nyp­dyr. Şol ýyl­lar­da dür­li adam­la­ry işe ka­bul et­mek üçin hem dürli sy­nag­la­r taý­ýar­la­nyp­dyr. Bu sy­nag­lar gy­zyk­lan­ma dö­re­dip, giň­den ula­ny­lyp­dyr. Gys­ga wagt­dan soň­ra köp ýurt­da bi­lim ul­ga­my­na hem gi­ri­zi­lip­dir. IQ sy­nag­la­ry hä­zir­ki wagt­da hem ula­nyl­ýar.
Ze­hi­niň de­re­je­si­ni öl­çe­mek üçin dür­li gör­nüş­li sy­nag­lar bar. Köp mag­lu­ma­ty bil­ýän adam­yň ze­hi­ni­niň ýo­ka­ry­dy­gy pi­kir edil­ýär. Kä­wagt bu dog­ry bo­lup bi­ler, ýö­ne he­mi­şe beý­le däl. IQ sy­na­gy ada­myň mag­lu­mat go­ru­ny däl-de, haý­sy­dyr bir me­se­lä­ni çöz­mek we haý­sy­dyr bir za­dy çalt öw­ren­mek uky­by­ny öl­çe­ýär. Ge­çi­ri­len göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de ada­myň IQ de­re­je­si­niň dur­muş­da nä­de­re­je­de üs­tün­lik ga­zan­jak­dy­gy­ny dog­ry kes­git­le­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şeý­le-de bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da ada­myň ukyp-ba­şar­ny­gy­ny öl­çe­ýän dür­li ze­hin sy­nag­la­ry peý­da bol­dy.