“Nissan” kompaniýasy “Qashqai” elektroulagynyň benzin bilen işleýän nusgasyny taýýarlady. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulagdaky benzin elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp peýdalanylýar. Ýokary tehnologiýany özünde jemleýän ulagda göwrümi 1,5 litre barabar bolan benzinli motor oturdylypdyr. Bu hereketlendirijiniň öndüren elektrik energiýasy ulagyň elektromotoryna geçirilýär. “Nissan Qashqai E-Power” atly ulagyň howa goýberýän kömürturşy gazynyň benzinli ulagdakydan has azdygy bellenildi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, Bu ulagda iki ýangyç bilelikde ulanylanda 100 kilometrde 5,3 litr benzin ýakýar. “Nissan-yň inženerleriniň işläp taýýarlan “Linear Tune” atly ulgamy ulagyň tizligi ýokarlananda zarýad berlen batareýasyna benzinli motoryň öndürýän energiýasyny hem goşýar. 2022-nji ýyla degişli bolan ulag ilkinji nobatda Angliýada satuwa çykarylar.
Oguljennet Nurmuhammedowa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.