«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy öz önü­mi bo­lan «A15 Bio­nic» mik­rop­ro­ses­sor otur­dy­lan ar­zan ba­ha­ly «iP­ho­ne SE» smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. «iP­ho­ne SE» te­le­fon­la­ry­nyň üçün­ji nus­ga­sy bo­lan bu smart­fon­lar 5G aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Bu smart­fon­la­ryň ba­ta­re­ýa­sy­ny has uzak wagtlap ula­nyp bol­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. «iP­ho­ne SE»-niň «ýa­ry­gi­je», «ýyl­dyz şöh­le­si» we gy­zyl reňk­li gör­nüş­le­ri bar. Mo­bil en­jam­lar üçin 11-nji mart­dan baş­lap sar­gyt­lar ka­bul edi­ler, 18-nji mart­da dü­kan tek­je­le­rin­de peý­da bo­lar.
Te­le­fo­nyň esa­sy ka­me­ra­sy 12 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şür­ýär. Şeý­le-de bol­sa, te­le­fon­da ula­ny­lan ýo­ka­ry prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi has du­ry su­rat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Te­le­fon öň ta­ra­pyn­dan 7 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şür­ýär.

Dil­na­za Ata­ja­no­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.