12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlar üçin üç ýüzden gowrak saýlaw bölümçesi dezinfeksiýa enjamlary goýulýar, bu bolsa saýlawa gatnaşýanlaryň ýokançlyklaryň ýaýramagyndan goralmagyny üpjün eder. Enjamlar saýlawlaryň geçiriljek binalarynyň girelgesine oturdylýar.

Bu gurluş içinde arkaýyn hereket edip bolýan aşa ýuka metal göwdeli ötük görnüşinde ýasalypdyr. Aslynda, bu ötük galtaşmazdan, bedeniň gyzgynyny kesgitleýän ulgam, bedeni we gorag maskasynyň barlygyny ýüze çykarýan, ýüzüň suratyny we şekilini saklamak üçin duýgur we takyk funksiýaly iki gözli fotoenjam bilen enjamlaşdyrylan köp iş bitirýän enjamdyr. Mundan başga-da, onda beden gyzgynyny 0,5 – 1 metr aralykdan ± 0.3 ℃ / ± 32.5°F takyklygynda awtomatik usulda kesgitleýän enjamlar-da oturdylypdyr.

Enjama ýakynlaşan adamyň gyzgyny ölçelýär. Görkeziji kanagatlandyryjy bolsa, geçelge awtomatik usulda işläp başlaýar. Adam geçelgeden geçýär, ol ýerde bäş sekundyň dowamynda gündelik ulanmak üçin niýetlenen kümüş ionly uniwersal antiseptik serişde derini we geýimleri dezinfeksiýa edýär. Geçelgede ulanylýan serişde yz galdyrmaýar, derini guratmaýar we çalt siňýär.

Demir gabaraly we çişirilýän görnüşleri bolan enjamy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti satyn alyp oturtdy.