10-njy martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow ýurdumyza halkara synçy hökmünde gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Muharrem Akkaýa we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň agzasy Ali Ürker bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy dostlukly döwletiň wekillerini halkara synçy hökmünde Türkmenistanda görýändigine şatdygyny mälim edip, olary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda boljak saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça amala aşyrylan tapgyrlaýyn işler hem-de saýlaw kanunçylygynyň düzgünleri bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda doganlyk döwletimiz bolan Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna 12-nji martda boljak möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň guramaçylykly geçirilmegini arzuw etdiler.