Zeýtunyň miwesi witaminlere we mineral maddalara örän baý bolýar. Zeýtun agajy adybir maşgala degişli bolup, agaçlaşan we gyrymsy agaç görnüşinde duş gelýär. Bu agaç uzyn, güýçli ösen şahalary bilen tapawutlanýar. Zeýtun agajy ortaça 300 ýyl töweregi ýaşaýar. Ony iýmitlik zeýtun miwelerini we ýag öndürmek üçin meýdan şertlerinde, şeýle hem dünýäniň käbir ýurtlarynda öý ösümligi görnüşinde hem ösdürip ýetişdirilýär. Zeýtun deňze golaý ýerlerde ýetişýär. Bu ösümlik Amerika, Afrika, Ispaniýa, Hindistan, Gresiýa, Azerbaýjan, Kiçi Aziýa we Gündogar Aziýa ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Zeýtun agajynyň miwesi şänikli, ýagjymak we dykyz häsiýete eýe. Miweleri tohum aýratynlygyna, görnüşine, bişip ýetişenligine baglylykda açyk ýaşyl reňkden gara reňke çenli, uzynlygy 1,5-3 santimetr, ýogynlygy 2 santimetr töweregi bolýar. Zeýtunyň ýaşyl we gara reňklisi taýýar önüm hökmünde satylýar. Şeýle-de bolsa, iki reňkdäki zeýtun hem şol bir ösümligiň miwesinden alynýar. Zeýtun agajynyň hasyly ösüşiniň dürli tapgyrlarynda ýygnalýar. Zeýtunyň miwesi oktýabr aýynda ýaşyl, noýabrda agymtyl-sary, dekabrda gara, ýanwarda bolsa gury görnüşde ýygnalýar. Ýokary hilli zeýtun ýagyny almak üçin köplenç, onuň gara reňkli miwesi ulanylýar. Örän ajy tagamly bolýandygy sebäpli ony şahadan goparyp alyp iýip bolmaýar. Ýygnalan hasyl gaýtadan işlenilenden soňra iýilýär.

Zeýtun miweleri adam bedenine örän peýdaly ýokumly maddalara baý bolup, düzüminde belok, uglewod, A, C, E, B, K witaminleri, demir, magniý, kalsiý we fosfor saklaýar. Mundan başga-da, zeýtunda ýag kislotalary, şepbik, antioksidantlar bolýar. Bu ösümligiň uly we ýetişen 4 sany miwesinde 2,5 gram ýag saklanýar. Iýmitlik gymmaty ýokary bolan bu ösümlik ýurdumyzda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky Ösümlikleriň synag merkezinde zeýtunyň Nikitskiniň-1, Nikitskiniň-2, Krym-172 sortlary ösdürilip ýetişdirilýär.

Zeýtunyň Nikitskiniň-1, Nikitskiniň-2 sortlary ýurdumyzda 1935-nji ýyldan, Krym-172 sorty bolsa 1938-nji ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu sortlaryň gelip çykan ýeri Krym hasaplanýar.  Elmydama  gök öwsüp duran, aralyk ösýän agajyň boýy 5-6 metr bolup, gurak tebigy şertlerde hem yzygiderli ýokary hasyl berýär. Etrek etrabynyň tebigy toprak howa şertlerinde ýetişýän zeýtun agajy, oturdylandan 7 ýyldan soňra miwe berip başlaýar. Agajyň şahalary güýçli ösen bolup, miweleri topbak görnüşinde ýerleşen. Gülleri iki jynsly, hoşasy salkym görnüşli bolýar.

Ösümligiň togalak süýnmek şekilli, eti agymtyl reňkli, iri şänikli, agramy 4,5-5 gram aralykdaky miwesi bolýar. Onuň gabygy gara reňkli we üsti gorag  gatlagy bilen örtülen. Miwesiniň etiniň miwe agramyna gatnaşygy 80-83% deň bolup, ýyl aşa hasyl berýär.

Onuň miweleri doly ýetişenden soňra el bilen ýa-da şahalaryny silkmek usulynda  ýygylýar. Zeýtunyň 10 ýaşly agajynyň bir düýbünden 10-23 kilogram miwe alyp bolýar. Onuň ösüş döwri 225-230 gün hasaplanýar.

Beýleki sortyň miweleri ýaly bu görnüşe degişli zeýtun hem düzüminde ýagy, belogy, şekeri we witaminleri (B,С,P) köp saklaýar. Ol oňat hilli zeýtun ýagyny berýänligi üçin gymmatlydyr. Maňzy 20-25 (60) % ýag saklaýar. Zeýtun ýagy önümçilikde iýmitlik we lukmançylyk maksatlary üçin giňden peýdalanylýar.

Beýleki ösümlik ýaglary bilen deňeşdirilende zeýtun ýagy adam bedeninde doly diýen ýaly (98%) özleşýär. Mundan başga-da bagryň we beýleki iýmit siňdiriş agzalaryň işlemegine oňaýly täsir edýär. Onuň gök, ala-gök we bişen miwelerinden ýokumlylygy ýokary bolan duzly, şerbetli iýmitler taýýarlanylýar.

Zeýtun agajynyň miwesiniň iýmit hökmünde hem-de saglygy goramakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.

Aýjeren ALLAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy