UEFA-nyň täze bäsleşigi Ýewropa Konferensiýa Ligasynda 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Niderlandlar toparlarynyň 4-siniň çykyş edýän ýaryşynyň bu tapgyry köp golly geçdi. Eýndhoweniň PSW topary Daniýanyň Kopengagen kluby blilen duşuşdy. Myhmanlar 3-1 öňe saýlansa-da, netijede duşuşyk 4-4 hasabynda deňlikde tamamlandy (Gakpo 21, 70, Doan 50, Zahawi 85 – Ýohanesson 6, Biel 23, 78, Lerager 43).

Başga niderland topary Feýenoord myhmançylykda Partizany 5-2 ýeňdi. Rotterdamlylaryň gollaryny Toornstra (2), Dessers, Geertruida hem-de Sinisterra geçirdi.

Marsel Arkadiuş Milikiň gollary bilen Bazelden 2-1 üstün çykdy. Lester Siti Renn toparyny 2-0 ýeňdi. Gollary Olbraýton hem-de Iheanaço derwezä girizdi. Bäsleşikde 3-nji niderland kluby AZ Alkmaar myhmançylykda ýaryşyň garaşylmadyk topary Bodo-Glimtden 2-1 asgyn geldi. Gresiýada ýerli PAOK Belgiýanyň Gent topary 1-0 utdy. Awstriýanyň LASK toparyndan 4-1 üstün çykan Praganyň Slawiýa kluby çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi.