Elif Şafak häzirki zaman türk edebiýatynyň iň görnükli ýazyjylarynyň biridir. 1971-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Fransiýanyň Strasburg şäherinde diplomat maşgalada dünýä inen Elif Şafak Türkiýä göçüp gelenlerinden soň Ankaranyň Tehniki uniwersitetini tamamlaýar. Ol soňra gender meselelerine bagyşlanan filosofiýa boýunça dissertasiýasyny goraýar. Amerikada bir ýyllap iş saparynda bolanyndan soňra, amerikan uniwersitetleriniň birine mugallymçylyk etmek üçin çagyrylýar. Ol Türkiýede hem-de ABŞ-da ýaşap, Ýewropanyň we Amerikanyň habar beriş serişdeleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Ol halkara gatnaşyklary boýunça Ýewropa Geňeşiniň agzasy bolýar. Şafagyň kitaplarynyň aglabasy sufizm bilen baglanyşykly taryhy romanlardyr. Şeýle hem ol syýasy we medeni mowzuklardan esse ýazýar. Ol kyssaçy, şahyr we esseçi hökmünde tanalyp, ýazýan eserleriniň ählisini şol bir wagtda türk hem-de iňlis dillerinde ýazmagy başarýar. Meşhur ýazyjynyň türk dilinde çap edilen «Ýaman gözlere Anadoly » (1994), «Pynhan » (1997), «Şäheriň aýnalary » (1999), «Mährem » (2000), «Büreli saraý » (2002), «Araf» (2004), «Yzly- yzyna » (2004), «Daşgyn we gaýtgyn » (2005), «Gara süýt» (2007), «Yşk» (2009), «Kagyz halwa » (2010), «Isgender » (2011), «Şemspare » (2012) ýaly eserleri, şeýle hem iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Söýgüniň kyrk düzgüni » oňa dünýäde uly meşhurlyk getirýär. Şafagyň kitaplary Türkiýede has uly üstünlik gazandy, milli baýraklaryň ençemesine eýe bolup, köp dillere terjime edildi. Elif Şafak «Sungat we edebiýat ordeni » atly fransuz baýragy bilen hem sylaglandy. Fransiýanyň Türkiýedäki ilçisi Loran Bili baýrak gowşurylanda onuň medeni gatnaşyklara goşan uly goşandy mynasybetli bu baýraga mynasyp bolandygyny mälim etdi. Elif Şafak özüni zenanlaryň ýazyjysy hasaplaýar. Türkiýede köp okyjylar ony zenanlaryň hukuklarynyň goragynda berk durýan, olaryň jemgyýetçilik işeňňirligini artdyrmak isleýän žurnalist hökmünde tanaýarlar.