Baýramçylyk güni irden uly doganym bilen aşhanada özara pyşyrdaşýardyk. Ejem henizem uklap ýatyrdy. Biz baýramçylykda ejeme garaşylmadyk sowgat etmeli diýen karara geldik. – Kakam bir gezek maňa ejesine sowgat alanda, ony bildirmän lýustradan asyp goýandygyny gürrüň beripdi. Şonda enem säher bilen gözüni açanda, lýustradaky sowgatlary görüp, diýseň begenen eken – diýip, doganym pyşyrdady. – Gel, onda, bizem alan güllerimizi we atyrymyzy lýustradan gysdyraly – diýip, men özelendim. – Şeýtsek has gyzykly bolar. Onsoňam şu gün ejemiziň ähli işlerini hem özümiz edeli. Pol ýuwaly, nahary özümiz taýýarlaly, kir ýuwaly… Şeýlelik bilen, biziň özümiz oňa uzakly gün sowgat bolarys. Onda sowgatlarymyzy lýustradan gysdyraýaly. Şeýtsek bu goşa sowgat bolar. «Ura-a-a» diýip, men begenjimden pyşyrdadym. Bu hakykatdan hem ejem üçin ajaýyp sowgat boljakdy. Soňra doganym eplenip açylýan merduwany usullyk bilen getirip gurnady-da, assyrynlyk bilen ýokaryk dyrmaşyp ugrady. Ol sowgatlary almak üçin ýüzüni maňa tarap öwren mahaly birden aýagy taýdy. Ýapyşalga tapmadyk doganymyň bar eline ileni hem lýustra boldy. Emma lýustra onuň agramyna tap getirip bilmänsoň diwara birigýän ýerinden üzülip, doganym lýustra bilen birlikde aşaklygyna güpürdäp gaýtdy. Kül-uşak bolan lýustranyň sesine ýatan ýerinden syçrap turan ejem: – Bu nämäniň başagaýlygy – diýip, ör-gökden geldi. Biziň niýetimiz isleýşimiz ýaly bolmansoň: – Gutlaýarys! – diýip, doganym bilen deňje seslendik. Elbetde, ýere gaçan lýustranyň sesi gaty çykypdy. Ýöne bu waka hakyky baýramçylyk täsinligine öwrüldi. – Hiç ýeriňi agyrtmadyň dälmi? – diýip, ejem sorady. – Bolan zat ýok, diňe lýustra döwüldi. – Zyýany ýok. Dogrusy, şol lýustra gaty könelensoň ýerine täzesini satyn alypdym, diňe size ýaramaz öýdüp, saklap ýörşümdi – diýip, ejem dillendi. – Bize hökman ýarar! – diýşip, ýerli- ýerden seslendik. Soňra biz ejemize sowgatlarymyzy gowşurdyk, täze lýustrany hem dakyp, 8-nji mart baýramyny bellemek üçin baýramçylyk stolunyň başyna geçdik.
Terjime eden Gülzada Çaryýewa , Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň okuwçysy.