“Audi” kompaniýasy geçen ýylyň aprelinde “Audi A6 Sportback” atly eletroulagyny köpçülige görkezipdi. Indi bolsa nemes brendi “Audi A6 Avant e-tron concept” atly has kämil ulagyny tanyşdyrdy. Kompaniýa 2026-njy ýyldan soňra adaty ýangyç bilen işleýän ulag önümçiligini ýatyrmagy maksat edinýär. Bu ulagyň bir gezekki zarýady bilen 700 kilometre çenli ýol geçip bilýändigi  mälim edildi. Ulagyň 0-100 km/sagat tizlige çykmagy üçin bary-ýogy 4 sekunt ýeterlik. Elektrokara 10 minutda berlen zarýad bilen 300 kilometr ýol geçip bolar. Bu bolsa, awtoulag senagatyndaky uly ösüşleriň biri bolar. Sebäbi, elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňündäki iň uly päsgelçilikleriniň biri hem olaryň zarýad bermek üçin köp wagt gerek bolýandygydyr.

Ýokary tehnologiýa talap edýändigi sebäpli elektroulaglaryň işläp taýýarlamakda we öndürmekde iri kompaniýalar öz aralarynda has köp hyzmatdaşlyk edip başladylar. “Audi” mundan iki aý ozal “Volkswagen” toparynyň işläp taýýarlan MEB platformasynyň bazasynda döredilen “Audi Q4 e-tron” hem-de “Q4 Sportback e-tron” ulaglaryny tanyşdyrypdy.

Ogulgerek Muhammetmyradowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.