Ähli tarapyny suw gurşap alýan gury ýer bölegine ada diýilýär. Ýer ýüzünde, takmynan, 500 müň töweregi adanyň bardygy çaklanylýar. Takyk sanynyň bolmazlygynyň sebäpleriniň biri adalaryň ululy-kiçi bolmagy we olaryň käbiriniň suwuň joşmagy ýa-da gaýtmagy netijesinde ýitmegi ýa-da täzeleriniň emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli olaryň takyk sanyny hasaplamak aňsat däl. Hatda dünýäde iň köp adasy bolan ýurtlaryň biri bolan Indoneziýada 17 müň 500 töweregi ada bolup, diňe bu ýurda degişli näçe adanyň bardygy takyk däl. Bu ýerde olaryň atlandyrylmagy hem möhüm bolup durýar. Ummanlaryň çäginde bolsa, suwuň aşagyndaky ýer gabygynyň hereketi, ýagny suwasty wulkanyň ýarylmagy netijesinde täze adalar emele gelip bilýär. Wulkanlar ýarylanda käbir adalaryň meýdanyny hem giňelmegine sebäp bolýar. Meýdany futbol meýdançasy ýalyrak ýa-da käbir ýurtlaryň meýdanyndan hem uly bolan adalar bar.
Ýer ýüzünde iň uly ada Grenlandiýa hasaplanýar. Geografik taýdan Demirgazyk Amerikada ýerleşýän hem bolsa, ada administratiw taýdan Daniýanyň bir bölegi bolup, adanyň ýaşaýjylarynyň medeniýeti hem ýewropalylara ýakyn. Adanyň meýdany 2,1 million inedördül kilometre barabar. Bu adanyň bir tarapy Demirgazyk buzly ummana birigýän bolsa, beýleki tarapynda Atlantik ummany bar. Dünýäniň iň uly adasynyň köp ýeri buzluklar bilen örtülendir. Tomsuň jöwzaly döwründe hem bu ýeriň temperaturasy 0 derejede töweregi bolýar. Grenlandiýanyň buz bilen örtülmedik az ýerinde käbir ösümlikler ýetişýär. Haýwanat dünýäsi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde demirgazyk suguny, ak aýy, polýar möjegi we beýleki jandarlar gabat gelýär. Adanyň ýanaşygyndaky suwda bolsa, grenland kiti, grenland düwleni, morž we beýleki ýüzlerçe suw jandary gabat gelýär. Adanyň ilaty köp ýyldan bäri balykçylyk bilen meşgullanýar.
Guwanç Jumanazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.