UEFA-nyň täze bäsleşigi bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň ilkinji möwsüminde çärýek finalda haýsy toparlaryň bije çekişendigini belli boldy. Žoze Mourinionyň tälim berýän Roma topary garaşylmadyk ýagdaýda çärýek finala çenli gelmegi başaran Norwegiýanyň Bude-Glimt topary bilen duşuşar. Iki klub toparçadaky oýunlarda-da gabatlaşypdy we Roma myhmançylykda 6-1 utulypdy. Rimdäki oýun bolsa 2-2 deňlikde tamamlanypdy. Feýenoord bilen Praganyň Slawiýa topary bije çekişdi. Marsel grekleriň PAOK, şeýle-de Lester Siti niderland kluby PSW bilen ýarym finala çykmak üçin özara güýç synanyşarlar.

Çärýek finalyň oýunlary 7-14-nji aprelde oýnalar. Ýarym finalyň duşuşyklary-da 28-nji aprelde hem-de 5-nji maýda geçiriler. Kubogyň eýesi 25-nji maýda Albaniýanyň paýtagty Tiranadaky Arena Kombatere stadionynda oýnaljak finalda belli bolar.

 

Çärýek finalyň bijeleri:

“Bude-Glimt” – “Roma”

“Feýenoord” – “Slawiýa Praga”

“Marsel” – PAOK

“Lester Siti” – “PSW Eýndhowen”

 

Ýarym finalyň bijeleri:

“Lester Siti”/“PSW Eýndhowen” – “Bude-Glimt”/“Roma”

“Feýenoord”/“Slawiýa Praga” – “Marsel”/PAOK