Germaniýanyň «Porsche» kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglary öndürýär. Ýokary tizlikli sport ulaglaryny öndürýän kompaniýa elektrik ulaglary üçin batareýa öndürýän zawody hem gurmagy meýilleşdirýär. Germaniýada guruljak zawod kompaniýanyň elektroulag önümçiligini artdyrmagyna ýardam eder. Kompaniýanyň beren beýanatyna görä, geljekde «718 Boxster» we «718 Caman» kysymly kaşaň awtoulaglar elektrik energiýasy bilen işlär. Awtoulag öndürijisi geçen ýyl dünýäde 301 müň 915 ulag satyp, öz rekordyny täzeledi. Öňümizdäki ýyllarda elektrik ulaglarynyň satuwdaky paýynyň 80 göterime ýetmegine garaşylýar.
Oguljennet BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.