ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) Gün ulgamynyň daşynda häzire çenli 5 müňden gowrak planetanyň tapylandygyny mälim etdi. Berlen beýanatda, bu planetalar barada maglumatlaryň saklanýan arhiwine 65 sany planeta goşulypdyr. Şeýlelikde, olaryň sany bäş müňden geçipdir. NASA-nyň Uzakdaky planetalar boýunça bilim institutynyň hünärmeni Jessi Kristiansen bularyň diňe sandan ybarat däldigini, planetalaryň hersiniň aýratyn dünýädigini belleýär. Anyklanan planetalaryň 30 göterimini Ýupiter we Saturn ýaly gazdan emele gelen asman jisimleri emele getirýär.
Aýlar BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.