Aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri diý­len­de, esa­san, Gün we ýel ýa­dy­ňa düş­ýän hem bol­sa, tol­kun­dan, suw aky­myn­dan, or­ga­ni­ki ga­lyn­dy­lar­dan we beý­le­ki te­bi­gy çeş­me­ler­den hem ener­gi­ýa­nyň dür­li gör­nüş­le­ri alyn­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýel­den ener­gi­ýa al­ma­gyň baş­ga­ça usu­ly hem iş­le­nip dü­zül­ýär. Bir zyn­jy­ra bag­la­nan bat­bö­rek ar­ka­ly hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ugur­da eý­ýäm bir­nä­çe sy­nag tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len sy­nag­da 800 metr be­ýik­lik­de uç­ýan bat­bö­rek 10 kw elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ni­der­land­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň bi­rin­de şeý­le usul ar­ka­ly di­ňe bir oba­ny däl, eý­sem, köp ilat­ly şä­her­le­ri hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edip bol­jak­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bi­ler­men­ler ýe­liň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak üçin iň ar­zan usul­la­ryň bi­ri­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Mu­nuň üçin ýö­ri­te bat­bö­rek­le­riň ön­dü­ril­me­gi hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Bi­ler­men­ler ýo­kar­da ýe­liň bat­ly we üz­nük­siz ös­ýän­di­gi­ni, şol se­bäp­li bat­bö­rek ýer­de gur­lan tur­bi­na­lar­dan has köp ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.

Ka­dyr BA­TY­ROW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.