Ýaponiýaly belli hüjümçi, çep gyraky winger Daizen Maeda karýerasyny britan adasynyň beýleki bir ýurdunda dowam eder. Ol Şotlandiýanyň “Seltik” toparyndan 1 ýyldan soň ýene-de “Premier Liga” dolanan “Ipswiç Tawn” toparyna transfer boldy. Iňlis topary 28 ýaşyndaky hüjümçiniň transferi üçin şotlandlara 11 million funt sterling tölär. Maeda “Ipswiç Tan” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Seltik” 5 möwsüm oýnan Maeda bu klubda 212 oýunda 79 gol geçirdi. Ol “Seltikden” öň ýurdunyň “Ýokohama F. Marinos”, “Mito Hollihok”, “Matsumoto Ýamaga” klublarynda, şol sanda 1 möwsüm Portugaliýanyň “Maritimo” toparynda çykyş etdi.

Maeda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda 30 duşuşykda 5 gol geçirdi.