Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Kitaplary elektron görnüşine geçirmek” bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 45-nji çagalar bagynda “Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak” atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphanaçylar körpeleri türkmen halk ertekileri we ertekileriň baş gahrymanlary bilen tanyşdyrdylar we çagalara ertekileri sesli görnüşinde ykjam telefonyň üsti bilen diňletdiler. Sesli audio kitaplar heniz okap bilmeýän körpelerde dil baýlygyny ösdürýär, olaryň ünsüni jemleýär we ertekileri diňläp öwrenmegine ýardam edýär. Sesli eserleri diňlemek çagalaryň sözleýşini, akyl ýetiriş ukybyny we ruhy taýdan terbiýelenmegini gowulandyrýar. Göçme kitap sergisinde ýerleşdirilen çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler bolsa körpelerde okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








