«Tesla» kompaniýasynyň Ýewropadaky ilkinji zawody Germaniýanyň Berlin şäheriniň golaýynda açyldy. Açylyş dabarasyna Germaniýanyň kansleri Olaf Şols, ykdysadyýet ministri Robert Habek we «Tesla»-nyň baş direktory Ilon Mask gatnaşdy. Bu ýerde ýylda 500 müňe çenli awtoulagyň öndürilmegi meýilleşdirilýär.
Kompaniýanyň daşary ýurtdaky ilkinji zawody 2019-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde açylypdy. Şol ýyl Ilon Mask täze zawod gurmak isleýändiklerini mälim edipdi. Täze zawodyň ady «Gigafactory 4» diýlip atlandyrylýar. Ýewropadaky täze desgada elektroulaglar üçin batareýalar we beýleki ätiýaçlyk şaýlary, şeýle hem «Tesla Model 3» we «Tesla Model Y» awtoulaglary öndüriler. Ýewropada awtoulag senagatynyň ösen ýurdy bolan Germaniýada açylan zawod uly ähmiýetli hasaplanýar.
Bu önümçilik desgasy kompaniýanyň dünýädäki iň uly 5-nji zawodydyr. Bu ýerde öndürilen ilkinji 30 sany «Model Y» ulagy müşderilere ýetirildi. Ulagyň bahasynyň 63 müň 990 ýewrodygy mälim edildi. Iki ýylda gurlup gutarylan zawodda awtoulag we awtoulag batareýalary öndüriler. Önümçilik desgasyny gurmak üçin 5 milliard ýewro sarp edilipdir.
Baýrammyrat BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.